«MAGTYMGULY, SÖZLERIM SAZA GOŞSAŇ, UZ BOLAR»

3 Maý 2024
261

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenip geçilmegi onuň hormatynyň dünýä çykarylyp, halkyň baýlygyna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Akyl dürüniň egsilmez hazynasy bolan Magtymguly Pyragy türkmen saz sungatynyň taryhyna-da ady baky ornaşan şahyrdyr. Onuň ady, şahyrana owazy daglardan eşidilýän ýaň ýaly bolup, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň we owazyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem tutuş bir milletiň – türkmeniň at-owazasyny, abraýyny belende galdyrandygy bilen häsiýetlidir.

Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Pyragynyň goşgularyna bagyşlanan dürli žanrlardaky ululy-kiçili eserler örän kändir. Bu eserlerde heň bilen mazmun bir perdeden gopup, ikisi hem bir daragt deý örboýuna galýar. Kompozitor Aşyr Kulyýew döredijilige ilkinji gadam basan ýyllarynda  Magtymgulynyň «Depe nedir, düz nedir» diýen goşgusyna ýüzlenip, goşgy setirlerindäki gahrymançylykly häsiýeti örän göwnejaý teswirlemegi başarypdyr. Kompozitor ruhubelentlik öwüşgini dolulyga berlen eserinde ýöriş heňine mahsus käbir alamatlary peýdalanýar. Aýdymyň dowamynda aýal hem-de erkek sesleriň sazlaşykly arabaglanyşygy milli esasda ösdürilýär, eser liriki-dramatik häsiýetde ýaňlanýar.

Leýli SAPARGELDIÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.