Ýeňiş baýramyna bagyşlanan sergi

3 Maý 2024
207

Şu günler türkmen halky 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyny giňden belleýär. Welaýatymyzda-da baýramçylyk mynasybetli toý-dabaralara giň gerim berilýär. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde şanly senäni has-da dabaralandyrmak maksady bilen «Bakylyga öwrülen mertler» atly wagtlaýyn sergi guraldy.

Serginiň açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, muzeý işgärleri, harby gullukçylar, talyplar, ýaş nesliň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler faşizme garşy söweşlerde türkmenistanly gerçekleriň görkezen edermenlikleri, tyldakylaryň çeken janypkeşlikli zähmeti dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Olar asuda, parahat durmuşyň gadyryny bilip, ulus-ilimiziň ähli ugurlardaky ösüşlerine saldamly goşant goşmagy ýaşlara ündediler. Şonuň ýaly-da çykyşlarda halkymyzyň azatlygy, erkinligi ugrunda şirin janlaryny gaýgyrman, mertlerçe söweşen uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere goýýan belent hormat-sarpasy, olara döredip berýän ýeňillikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.