ÖÝÜM BAR – ÜLKÄM BAR

3 Maý 2024
316

Türkmen halky öýüne, ojagyna keramat, mukaddeslik hökmünde garaýar, öýüni hemişe bela-beterden, gözden-dilden goramaga çalyşýar. Täze öý tutunmak maşgalanyň durmuşynda möhüm waka bolup, ol uly dabara beslenýär.Geçmişde ak öýüň süňňüni ýasamak bilen baglanyşykly birnäçe yrymlar bolupdyr. Meselem, ak öýüň süňňüni ýasaýan ussa – gerekçi hiç haçan öýüň gabsasyny ýasamandyr. Türkmen öýüniň bosagasy, söýeleri dagdan agajyndan edilipdir. Gapylary dagdan agajyndan bolan öýe göz degmeýär diýip ynanypdyrlar.

Türkmenlerde jübüt sanlar gowy görlensoň, öýüň täriminiň sany hem jübüt edilipdir. Ene-mamalarymyz hem öý dulunyň ýükünde hökman iki, ýagny goşa artmak goýupdyrlar, tärimden asylýan çuwallaram jübüt bolupdyr. Häzirki wagtda-da jübüt sanlaryň ähmiýeti saklanyp galýar: türkmen toýlaryna çörek jübüt eltilýär, atgulak jübüt asylýar.

Oguljeren ÇENDIROWA
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.