Binalar görk goşýar ajap keşbine

3 Maý 2024
388

Gurmagy we döretmegi täze taryhy eýýamyň esasy şygaryna öwren hormatly Prezidentimiz halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär» diýip belledi. Şäherlerimiziň, obalarymyzyň keşbiniň dowamly özgerdilmegi halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň üpjün edilýändigini alamatlandyrýar.

Aşgabadyň gurluşyklarynda milli binagärlik ýörelgeleri häzirki zaman tejribeleri bilen utgaşdyrylýar. Binagärlik sazlaşygyndan dörän paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde häzirki wagtda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Olaryň sanawynda çägi barha giňeýän «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynyň binalary-da bar. Ähli amatlyklary bolan köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, umumybilim berýän orta mekdeplerdir çagalar baglary hem gurulýar. Olary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary «Aga gurluşyk» we «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanalary gurýar. Bu barada gürrüňdeş bolanymyzda, Aşgabat şäher häkimliginiň hünärmeni Sapargeldi Saparmämmedow şeýle diýdi:

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».