YKBALLARA NUR PAÝLAÝAN SAHAWAT

3 Maý 2024
228

Döwrümiziň öňe çykaran örän uly bir hakykaty bar: bu gün «Sahawatly kişi» diýeniňde ilki bilen ýadyňa Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz düşýär. Milli Liderimiz we döwlet Baştutanymyz diňe bir ildeşlerimize däl, bütin Ýer ýüzüne sahawatlylygyň belent nusgasyny görkezýär. Eziz Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bolsa bu babatda aýratyn bellenilmeli gymmatlykdyr.

Şu baharda üç ýaşyny dolduran gazna ýüreklere eýýäm asyrlara ýeterlik ýakym paýlady. Dogry, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu gazna döredilende onuň telim-telim ykballary gülletjekdigine tüýs ýürekden ynanypdyk. Ýöne bu gülleýişiň şeýle beýik derejesini göz öňüne getirip hem bilmändik. Gahryman Arkadagymyz bu gaznanyň, sözüň doly manysynda, gudrat döredip biljek güýje eýedigini bütin dünýä subut etdi. Adamzat jemgyýetçiligi bu hakykata üstümizdäki ýylda-da telim ýola şaýat boldy.

Laçyn AKYÝEWA
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.