Watana wepalylyk: mertebä ýetiren menziller

2 Maý 2024
328

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ynsany belentliklere ýetirýän özboluşly kämillik basgançaklaryndan söz açyp, il bähbidini özüniňkiden ýokary goýup bilýän kişileri iň kämil häsiýetleri özünde jemleýän iňňän gerekli, mertebeli adamlar hökmünde häsiýetlendirýär. «Jemgyýetiň öňe ilerlemegi üçin derwaýys görülýän bu häsiýetleriň arasynda ukyp-zehinlilikden we işeňňirlikden daşary, guramaçylyk, iş dolandyryjylyk, ýolbaşçylyk ýaly häsiýetler hem bolmalydyr» diýen jümleleri okap oturyşyma, kitabyň gahryman zenanlarymyz hakynda gürrüň berýän sahypalaryna gaýtadan göz gezdirenimi duýman galdym. Olar Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň ömür ýoly baradaky söhbetlerde-de ýolgörkeziji çelgi edinip boljak jaýdar jümleler ahyryn...

Suratkeşlikde adamyň portretini çekmegiň iň kyn usuldygyny aýdýarlar. Žurnalistikada-da belli bir adamyň geçen ýolundan söhbet açyp, sözler bilen onuň portretini çekmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Biziň gürrüňini edýän gahrymanymyz bolsa örän köptaraplaýyn şahsyýet. Mugallym, guramaçy-partiýa işgäri, diplomat, alym, mährem ene... Maşgalada alan asylly terbiýesi, zähmetsöýerligi, halallygy, başyna baran işine durky-düýrmegi bilen berilmegi haýsy kärde zähmet çekende-de, nirede bolanda-da oňa hemişe uly abraý getirdi. Ömrüniň çärýek asyryny bagyşlan diplomatik wezipesinde, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary hökmünde alyp barýan işinde ýurdunydyr halkyny jan-dilden söýüp, diňe Watanyň bähbitlerini ileri tutmagy Çynar Rustemowa üstünligiň belent menzillerini bagyşlady. Döwürdeş zenanymyzyň geçen ýoly hakynda pikir öwreniňde, öňde goýan maksatlaryň çürbaşynda Watanyň bähbidini goýmagyň ynsana miýesser edip biljek mertebäniň iň beýigidigi baradaky hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».