Welaýatlardan habarlar

3 Maý 2024
173

Aprel aýy Diýarymyzyň sportdaky mümkinçilikleriniň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Aşgabat şäherinde geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» toparynyň gazanan üstünligi bu hakykatyň subutnamasy boldy. Türkmen toparynyň üstünligi ählimiziň buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Aýyň ilkinji ongünlüginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişler bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şol günler biziň welaýatymyzda hem ähmiýetli çäreleriň birnäçesi guralyp, şolara Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Olar sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga döredilen giň şert-mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edýärler.