Dost­luk köp­rü­si

3 Maý 2024
196

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda erkekler woleýbol klub toparlarynyň arasynda guralan ýurdumyzyň çempionatynyň ýokary ligasynyň duşuşyklary birnäçe tapgyrdan ybarat boldy. Oňa woleýbol toparlarynyň 10-sy gatnaşyp, birinji tapgyr 2023-nji ýylyň oktýabrynda, ikinji tapgyr 2024-nji ýylyň ýanwarynda, üçünji tapgyr fewralda, dördünji tapgyr bolsa aprelde geçirildi.

Bu ýaryşa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi», Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Gala», Goranmak ministrliginiň «Milli goşun», Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär», Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň «Kerwen», Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş», Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» woleýbol toparlary gatnaşdylar.

Watan ATAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Talyplar sport klubunyň başlygy.