"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Şahyrlaryň dilleriniň senasy

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýüregi, Aziýanyň merjeni Aşgabat hormatly Prezidentimiziň ýürek mährinden, kalp söýgüsinden kemal tapyp, dünýäniň iň gözel hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabadyň belent ýaşaýyş jaýlary, biri-birinden gözel desgalary, ajaýyp seýilgähleri, täsin suw çüwdürimleri, nurana ýollary ulynyň-kiçiniň diliniň senasydyr, kalbynyň aýdymydyr. Aşgabadyň sazlaşykly gözelliklerini şahyrlar şygyrlarynda, sazandalar şirin sazlarynda, aýdymçylar ajaýyp aýdymlarynda, suratkeşler, heýkeltaraşlar, halyçylar sungat eserlerinde wasp edýärler. Gözel Diýarymyzda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabadyň güni dabara bilen bellenilip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenýär.

Paýtagtymyz hakynda görelde sapagy

Islendik döwlete baranyňda, ilki bilen, şol ýurduň gözel binalarynda gözüň eglenýär. Şolara seredip, ýurduň ýüzüni, halkyň ýaşaýşyny görýärsiň. Biziň ak şäherimiz Aşgabat babatynda hem şeýle. Paýtagtymyzy synlan her bir ynsanyň göwni göterilýär. Ak bagta meňzeş binalar ýurdumyzyň ösüşleri barada sözsüz söhbet açýar. Aşgabat — halkymyzyň buýsanjy, eziz Watanymyzyň ýüregi. Bu ajaýyp şäher gök asmanyň astynda mermer binalary bilen lowurdaýar. Hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň ählisi şu ajaýyp şäherden gözbaş alýar. Aşgabat şäherimiz gözel binalary bilen bir hatarda, ajaýyp seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen hem gelýän myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Tekiz gara ýollar, arassa ýan-ýodalary göreniň göwnüni göterýär. Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramçylygy uly şatlyga beslenýär. Şu şanly sene mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň täze «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby bütin türkmen halkyna baýramçylyk sowgady boldy. Bu kitapda Aşgabat şäheri barada hormatly Prezidentimiz möhüm maglumatlary berýär. Kitap şäheriň gözelligine görk goşýan ajaýyp binalaryň, desgalaryň suratlary bilen bezelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby bilen mekdebimiziň başlangyç synp okuwçylaryny ýakyndan tanyşdyrdym.

Terbiýeçilik sagatlaryny guramaçylykly geçirmek

Mekdepde terbiýeçilik sagatlaryny guramagyň çagalar üçin möhüm ähmiýeti bar. Munuň üsti bilen çagalara ýurdumyzda bellenilýän seneler, milli we ruhy gymmatlyklar, medeni miras barada düşünje berip bolýar. Okadýan 3-nji synpymda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Haly — türkmeniň köňül nagşydyr» diýen tema boýunça okuwçylardan öýe tabşyran ýumşumy soradym. Çagalar bu tema taýýarlykly gelipdirler. Haly dokamak üçin gerek bolan önümleri, esbaplary ýeke-ýeke sanadylar. Halynyň sapaklarynyň goýnuň ýüňünden edilýändigi barada hem aýtdylar. Bu tema boýunça okuwçylar bilen paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen halysynyň Milli muzeýine gaýybana gezelenç etdik. Muzeý bilen baglanyşykly taýýarlan prezentasiýamy multimedia tagtasynyň üsti bilen okuwçylara görkezdim. Bu ýerdäki äpet halylar we iň kiçijik halyça, olaryň dokalyşy barada okuwçylara maglumat berdim. Muzeýde täsin we seýrek duş gelýän haly önümlerine hem gabat gelmek bolýandygy hakynda aýtdym. Adatça, haly we haly önümlerinden suw geçýär, ýöne muzeýde bir inedördül metrde 1 million 355 müň çitim bolan suw geçirmeýän haly beýleki halylardan aýratyn tapawutlanýar. Muzeý zalynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen iň uly haly hem saklanýar. Haly muzeýi baradaky görkezen slaýd şekillerim okuwçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Görkezen slaýd şekillerim boýunça okuwçylar bilen sowal-jogap alyşdym. Öý işini jemläp, okuwçylara

Çeper edebiýatda Aşgabadyň waspy

Ýurdumyzyň ýüregi bolan eziz Aşgabadyň ajaýyplygy dogrusynda näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Oňa bolan söýgimiz, mähir-muhabbetimiz edil dessan ýaly ýazylgydyr. Gözel şäheri synlanyňda, kalbyňda ýakymly duýgular peýda bolýar. Aşgabat çogly Günüň kümüş şöhleleriniň astynda edil nurdan dörän deýin gözüňe görünýär. Bu gözelligi synlamagyň lezzeti hem özboluşly. Paýtagtymyz Aşgabat şäheri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda öňküdenem gözel, owadan keşbe girdi. Täze desgalaryň gurluşygyna badalga berildi. Bu günki gün Aziýanyň merjeni hasaplanýan Aşgabat şäherini görmäge göz, taryp etmäge söz gerek. Aşgabat şäheri nuranalygyň, päk arzuw-umytlaryň nusgasy bolmak bilen, häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkidiji, ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar.

Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň binýady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Ulgamyň binýady berkeýär» diýlip atlandyrylan çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi innowasion ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmakda, ýurdumyzyň raýatlarynyň hemişelik iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda, elektron dolanyşygyna doly geçmäge düýpli itergi bermek bilen, sanly ykdysadyýetiň binýatlyk esaslaryny, ýagny internet-üpjünçilik ulgamlaryny pugtalandyrmakda tutumly işleriň alnyp barylýandygy barada söhbet etdiler. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmeginiň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde öňde durýan hem-de röwşen geljegimize gönükdirilen anyk wezipeleri netijeli çözmäge düýpli itergi berjekdigini bellediler. Ata Watanymyzy özgerişlere besläp, sanly ulgamy ösdürmeklige giň ýollary açýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Zehinliler saýlandy

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda berkarar ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmäge höweslerini artdyrmak, olaryň zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen welaýat Baş bilim müdirliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde geçiren «Dil bilen — dana» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyryna gatnaşan okuwçylar emin agzalarynyň taýýarlan soraglaryna jogap berdiler, iňlis dilinde düzme ýazdylar, ýörite temadan taýýarlan wideoroliklerini iňlis dilinde beýan etdiler. Örän çekeleşikli geçen bäsleşikde Türkmenbaşy şäherindäki 5-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýgül Hallyýewa deň-duşlaryndan saýlanyp, birinji orny eýelemegi başardy. Şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýşa Ilmämmedowa ikinji, Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ahmet Gazakbaýew üçünji orunlara düşdüler.  

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Körpe nesliň aladasynda Eziz Diýarymyzy ösüşiň belentliklerine sary batly gadamlar bilen alyp barýan, il-ýurt, Watan we körpe nesil hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekdäki başlangyçlaryndan ugur alyp, biz — terbiýeçi mugallymlar ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde, çagalaryň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny kämilleşdirmekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris. Biziň 3-nji çagalar bakja-bagymyzda 7 topar hereket edip, olarda 151 çaga bilim we terbiýe berilýär. Çagalar bakja-bagymyzyň “Gülälek” hem-de “Bägül” uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynda terbiýelenilýän körpeleriň mekdebe taýýarlygyna uly üns berilýär.

Iň ökdeler saýlandy

Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň 6-7-nji synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi. «Döwletimiň nyşany — parla, ýaşyl baýdagym!» şygary astynda geçen bu bäsleşik Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi hem-de Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy. Çekeleşikli geçen bäsleşik mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmakda, olary köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen has içgin tanyşdyrmakda, bu kadalara jogapkärçilikli çemeleşmeklerini gazanmakda uly ähmiýete eýe boldy. Oňa her biri 5 okuwçydan ybarat bolan 6 sany topar gatnaşdy. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, birinji tapgyrda okuwçylar Çagalar awtoşäherçesiniň kompýuter okuw otagynda ýol hereketiniň kadalary esasynda taýýarlanan elektron sowalnamalara dogry jogap bermek boýunça özara bäsleşdiler. Munuň üçin olara 15 minut wagt berildi. Okuwçylaryň taýýarlan jogaplary kompýuteriň üsti bilen eminler toparynyň garamagyna hödürlenildi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň, TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň wekillerinden hem-de Çagalar awtoşä

Bilimler mekany

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde ak şäherimiz Aşgabadyň ylym-bilim babatda şu günki ýeten belent derejesi has-da buýsandyryjydyr. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän şanly ýylynda bu ugurdaky işler uly rowaçlyklara beslenýär, döwrebaplygy, okamak we işlemek üçin baý mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralary öz gurluş aýratynlyklary, daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy we çagalar dünýäsine mahsus bezelişi, ýaş nesli terbiýelemek, sowat öwretmek ýaly asylly maksatlar üçin döredilen döwrebap şertleri bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda körpeler döwrüň iň täze gazanan tehnologiýalary ornaşdyrylan çagalar-bakja baglarynda terbiýelenýärler, sowat öwrenýärler. Paýtagtymyzda orta mekdepler bilen bir hatarda, dil merkezleri, sport mekdepleri, hünär taýýarlaýyş ojaklary we beýlekiler yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýär. Bilim ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk batly depginlerde ösdürilmegi, ylmyň hem täze sepgitleri eýelemegini şertlendirdi. Aşgabat ylmy başlangyçlaryň, täzelikleriň, oýlap tapyşlaryň we öňegidişlikleriň täze tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýan merkezi. Munuň şeýledigine paýtagtymyzdaky ylmy-barlag institutlarynyň, Tehnologiýalar merkeziniň we beýleki ylmy-önümçilik kärhanalarynyň amala aşyrýan beýik işlerinde hem aýdyň duýulýar.

Dil baýlygy dür saçýar

Dil medeniýetini, dürli daşary ýurt dillerini gowy öwrenmekde sözleriň, adalgalaryň manylaryny, olaryň many gatnaşyklarynyň meselelerini çuňňur öwrenmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şunda pudaklaýyn sözlükleri, iki dilli sözlükleri we kesp-kär, hünär bilen baglanyşykly sözlükleri, adalgaşynaslyk sözlüklerini, şeýle-de, grammatik, orfoepik we frazeologik sözlükleri okamagyň, öwrenmegiň uly ähmiýeti bar. Häzirki wagtda iki tomdan ybarat bolan «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» dil ugrundan bilim alýan talyplar üçin gymmatly hazynadyr. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň iki tomlugy hormatly Prezidentimiziň howandarlyk etmeginde milli elipbiýde ilkinji gezek çap edildi. Bu düşündirişli sözlük görnüşi boýunça uly sözlüklere degişli bolup, häsiýeti boýunça kadalaşdyryjy sözlükleriň hataryna girýär. Häzirki zaman türkmen edebi dilini hasyl edýän sözleriň we söz düzümleriniň esasynda düzülen sözlükde diňe bir häzirki zaman türkmen diliniň sözlük gory, Garaşsyzlyk ýyllary içinde dörän täze sözler, adalgalar hem-de olaryň täze manylary beýan edilmän, onda dürli görnüşli halk döredijiligi eserleriniň, dessanlaryň, nusgawy şahyrlaryň, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginde duş gelýän ýörgünli sözler hem öz şöhlelenmesini tapýar. Bu bolsa dil baýlygyny has-da kämilleşdirmäge ýardam berýär.

Diller dünýä ýol açýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň bereketli güýz paslynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy dabaraly belleniler. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen we parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bu baýramy mynasyp garşylamak üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy ata Watanymyzyň taryhynda möhüm waka boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet berkararlygymyz yzygiderli berkidildi, Watanymyz ösüşiň özbaşdak ýoly bilen öňe gitdi. Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren bagtyna geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işleriň oňyn netijeleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris.

Hünäre höwes döredýäris

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, aň-düşünje, ruhy-ahlak, däp-dessur, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim, ylym ulgamyny has-da ösdürmekde alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. Mugallymlar bolan biz gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, ene-mamalarymyzdan miras galan milli mirasymyzy ösüp gelýän ýaş nesle öwretmelidiris. Orta okuw mekdepleriniň durmuş zähmeti okuwy dersinde ýaş nesliň düýpli bilim almagyny, hünär öwrenmegini halallyk, agzybirlik, watansöýüjilik terbiýesi bilen baglanyşdyryp alyp barýarys. Okuw maksatnamasynyň mazmunyna laýyklykda, durmuş zähmeti dersiniň maksady okuwçylarda zähmet endiklerini we başarnyklaryny kemala getirmekden, olary hünäre ugrukdyrmakdan ybaratdyr.

Okuw ýylyny üstünlikli tamamlamak

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurulýan bilim ojaklarynda her bir ene-atanyň perzendi döwrebap bilim alýar. Watana, il-güne halal hyzmat etmek üçin bilimli, sowatly hünärmenleriň başlangyç basgançaklary hem mekdebe çenli çagalar edaralaryndan we orta mekdeplerden başlanýar. Orta mekdepleriň mugallymlary ýylyň dowamynda okadýan dersleri boýunça okuwçylara giňişleýin düşünje bermegi hökmandyr. Synplarda görelde sapaklary yzygiderli guralmalydyr. Sapaklar guralanda mekdepdäki bar bolan mümkinçilikleriň we mugallymlaryň özleriniň taýýarlan görkezme esbaplarynyň ulanylyşyna hem aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şeýle edilende okuwçynyň sapaga bolan höwesi artyp, olara sapagy düşündirmek işleri has-da ýeňilleşýär. Her bir mugallym geçýän sapagynyň beýleki dersler bilen utgaşykly, dersara baglanyşygyny gurap bilmelidir, çünki beýleki dersler boýunça utgaşdyrylan sapaklarda öwrenilen maglumatlar okuwçylaryň ýadynda galyjy bolýar. Şonuň bilen birlikde hem, öýe ýumuşlar tabşyrylanda okuwçylaryň özbaşdak işlemekleri üçin temalaryň düşnükli bolmagy zerurdyr. Haçan-da okuwçy synaga gelende, özbaşdak ýerine ýetiren işleri bilen baglanyşykly sowallar düşende, hiç hili kynçylyksyz we düşünjeli jogap berýär. Şeýle netije mugallymyň ýylyň dowamynda okuwçy bilen işlemekde guramaçylykly çemeleşendigini görkezýär. Synpdan-synpa geçiş we gutardyş synaglaryny geçirmek üçin mekdebiň synp otagl

Ýeňişli menziller

Ýurdumyzda ylym-bilimiň täze basgançaklaryna çykýan, zehinli ýaşlaryň bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar, begendirýär. Olar özleriniň bilimi, zehini bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Begenç Bahramow hem zehinli ýaşlaryň biri hökmünde tanalýar. Biz Begenç bilen her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda tanyş bolduk. Ol bu bäsleşikde biologiýa dersi boýunça ikinji orna mynasyp boldy. Mugallymlarynyň aýtmaklaryna görä, ol elmydama biologiýany çuň öwrenmeklige, himiýa, matematika derslerinden meseleleri çözmeklige gümra. Sapakdan boş wagt tapdygy hem mugallymynyň ýolbaşçylygynda oýlap tapyjylyk bilen meşgullanýar.

Önümçilik bilen utgaşykly

Biz — ýaşlaryň öwrenýän hünärlerimiz boýunça bilimlerimizi çuňňur özleşdirmegimiz we baýlaşdyrmagymyz barada hormatly Prezidentimiz yzygiderli alada edýär. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary hem hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim, hünär öwrenmek, jemgyýetimize gerekli hünärmenler bolup ýetişmegimiz baradaky sargytlaryny berjaý etmek üçin bilimlerini has-da kämilleşdirýärler. Uniwersitetimiziň ähli fakultetlerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň möwsümleýin hasap-synaglaryny üstünlikli tamamlap, okuw tejribeliklerde bolmaklary aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi olaryň okuw ýylynyň dowamynda alan nazary bilimlerini berkitmäge ýardam edýär. Talyplaryň şeýle tejribelik okuwlary uniwersitetimiziň Weterinar lukmançylygy fakultetinde hem guramaçylykly guraldy. Tejribelik okuwlary, esasan hem, Mary welaýatynyň Tagtabazar we Serhetabat etraplarynyň Saryja we Galaýmor maldarçylyk hojalyklarynda, Ahal welaýatyndaky «Sahabatly» hojalyk jemgyýetinde, «Şa ýoly» oba hojalyk maldarçylyk toplumynda, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda, Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, Aşgabat şäherindäki Janly tebigatyň mili muzeýinde, uniwersitetimiziň okuw-tejribe hojalygynyň maldarçylyk fermalarynda geçirildi. Okuw tejribeliklerimizi geçenimizde Ahal welaýatyndaky «Sahabatly» maldarçylyk toplumynda önümçilik işleriniň ählisiniň mehanizmleşdirilendigini we

Kämilligiň ýoly

Ylym-bilim berk daragt. Beýik maksatlara ýetmekde mähriban Watanymyzyň kuwwatyny has-da artdyrmakda ylymdyr bilimiň bolmagy zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde biz — ýaşlar üçin ähli şertleri döredip berýär. Bu ulgam iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk saklamak we döwletara ylalaşyklar, bilelikdäki ylmy taslamalar esasynda has-da pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hem ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Ata Watanymyzyň depginli we sazlaşykly ösýän ykdysadyýetinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri, eýeleýän belent sepgitleri, dünýä jemgyýetçiliginde tutýan ornunyň yzygiderli berkemegi bu ulgamlar bilen aýrylmaz baglydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron serişdeler bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Eziz Watanymyzyň röwşen geljegi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmaga, halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar syýasaty hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýen aýdanlaryndan ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir. Maksatnamanyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mundan beýläk-de itergi bermekde möhüm ähmiýeti bardyr. Öňde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagy demokratik ýörelgeli, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goraýan hem-de olary durmuşa geçirýän nusgalyk jemgyýeti kemala getirmäge mümkin

Synaglary geçirmekde okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek

Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerinde başlangyç, esasy orta, umumy orta bilim maksatnamalarynyň okuwçylar tarapyndan özleşdirilmeginiň netijelerini bahalandyrmak maksady bilen, sepgit, synpdan-synpa geçiriş, jemleýji döwlet synaglary geçiriler. Munuň üçin «Döwlet umumybilim edaralarynda sepgit we jemleýji döwlet synaglaryny guramak, okuwçylary synpdan-synpa geçirmek hem-de orta mekdebi gutartmak hakynda» Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda, taýýarlyk işlerini alyp barmak zerurdyr. Umumybilim berýän orta mekdeplerde synag alynýan synplaryň okuwçylaryny synaglara taýýarlamak, synag işlerini döwrebap guramak we talabalaýyk geçirmek meseleleri bütin okuw ýylynyň dowamynda mekdep ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň üns merkezinde bolup durýar.

Başarnyk tejribä bagly

Başlangyç synplaryň okuwçylary bilen türkmen dili dersi boýunça okuw sapaklary guralanda, biziň her birimiziň öňümizde synp tagtamyzyň, okuw kitaplarymyzyň, iş depderlerimiziň, kompýuterlerimiziň bardygy adaty ýagdaýdyr. Okuwçylar bilen işlemäge girişilende, mugallym synp tagtasyndan, okuw kitaplaryndan, suratlardan, çagalaryň ýazuw endiklerini ösdürmek maksady bilen, iş depderlerinden peýdalanyp biler. Orta mekdebiň 3-nji synp okuwçylary bilen türkmen dili dersinde «Söz, onuň ýazuw düzgünleri (söz we söz bölekleri. Asyl söz we goşulma. Söz ýasaýjy we söz üýtgediji goşulmalar. Y, i, u, ü çekimlileriň sözüň ikinji bognunda düşýän ýagdaýlary we ş.m.)» diýen temalar öwredilende, her tema bilen baglanyşykly gönükmeler işledilende, olary oýun görnüşinde bermek mümkindir.

Tehnologiýalardan peýdalanyp sapak guramak

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy barha kämilleşýär. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da artmagyna, olaryň gözýetimleriniň giňemegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunda ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy esasy talaplaryň biridir. Okuw otaglarynda häzirki zaman kompýuter serişdeleriniň, multimedia tagtasynyň bolmagy örän ähmiýetlidir. Olar dürli öwrediji oýunlaryň guralmagyna, geçilen temanyň has-da netijeli berkidilmegine ýardam berýär. Multimedia tagtasyny türkmen dili we edebiýat sapaklarynda-da işjeň peýdalanmak wajypdyr.