Okuw ýylyny üstünlikli tamamlamak

20 Maý 2021
1326

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurulýan bilim ojaklarynda her bir ene-atanyň perzendi döwrebap bilim alýar. Watana, il-güne halal hyzmat etmek üçin bilimli, sowatly hünärmenleriň başlangyç basgançaklary hem mekdebe çenli çagalar edaralaryndan we orta mekdeplerden başlanýar. Orta mekdepleriň mugallymlary ýylyň dowamynda okadýan dersleri boýunça okuwçylara giňişleýin düşünje bermegi hökmandyr. Synplarda görelde sapaklary yzygiderli guralmalydyr. Sapaklar guralanda mekdepdäki bar bolan mümkinçilikleriň we mugallymlaryň özleriniň taýýarlan görkezme esbaplarynyň ulanylyşyna hem aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şeýle edilende okuwçynyň sapaga bolan höwesi artyp, olara sapagy düşündirmek işleri has-da ýeňilleşýär.

Her bir mugallym geçýän sapagynyň beýleki dersler bilen utgaşykly, dersara baglanyşygyny gurap bilmelidir, çünki beýleki dersler boýunça utgaşdyrylan sapaklarda öwrenilen maglumatlar okuwçylaryň ýadynda galyjy bolýar. Şonuň bilen birlikde hem, öýe ýumuşlar tabşyrylanda okuwçylaryň özbaşdak işlemekleri üçin temalaryň düşnükli bolmagy zerurdyr. Haçan-da okuwçy synaga gelende, özbaşdak ýerine ýetiren işleri bilen baglanyşykly sowallar düşende, hiç hili kynçylyksyz we düşünjeli jogap berýär. Şeýle netije mugallymyň ýylyň dowamynda okuwçy bilen işlemekde guramaçylykly çemeleşendigini görkezýär. Synpdan-synpa geçiş we gutardyş synaglaryny geçirmek üçin mekdebiň synp otaglaryny synaglara taýýarlamak hem möhümdir.

Bibijemal MUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» atly orta mekdebiň müdiri.