Kämilligiň ýoly

18 Maý 2021
1089

Ylym-bilim berk daragt. Beýik maksatlara ýetmekde mähriban Watanymyzyň kuwwatyny has-da artdyrmakda ylymdyr bilimiň bolmagy zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde biz — ýaşlar üçin ähli şertleri döredip berýär. Bu ulgam iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk saklamak we döwletara ylalaşyklar, bilelikdäki ylmy taslamalar esasynda has-da pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hem ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Ata Watanymyzyň depginli we sazlaşykly ösýän ykdysadyýetinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri, eýeleýän belent sepgitleri, dünýä jemgyýetçiliginde tutýan ornunyň yzygiderli berkemegi bu ulgamlar bilen aýrylmaz baglydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron serişdeler bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Enejan URAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň talyby.