Eziz Watanymyzyň röwşen geljegi

18 Maý 2021
1101

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmaga, halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar syýasaty hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýen aýdanlaryndan ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir. Maksatnamanyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mundan beýläk-de itergi bermekde möhüm ähmiýeti bardyr. Öňde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagy demokratik ýörelgeli, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goraýan hem-de olary durmuşa geçirýän nusgalyk jemgyýeti kemala getirmäge mümkinçilik berýär.

Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.