Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň binýady

21 Maý 2021
1103

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Ulgamyň binýady berkeýär» diýlip atlandyrylan çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi innowasion ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmakda, ýurdumyzyň raýatlarynyň hemişelik iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda, elektron dolanyşygyna doly geçmäge düýpli itergi bermek bilen, sanly ykdysadyýetiň binýatlyk esaslaryny, ýagny internet-üpjünçilik ulgamlaryny pugtalandyrmakda tutumly işleriň alnyp barylýandygy barada söhbet etdiler. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmeginiň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde öňde durýan hem-de röwşen geljegimize gönükdirilen anyk wezipeleri netijeli çözmäge düýpli itergi berjekdigini bellediler. Ata Watanymyzy özgerişlere besläp, sanly ulgamy ösdürmeklige giň ýollary açýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Baýmyrat TUWAKOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hasabatçysy.