Dil baýlygy dür saçýar

20 Maý 2021
1394

Dil medeniýetini, dürli daşary ýurt dillerini gowy öwrenmekde sözleriň, adalgalaryň manylaryny, olaryň many gatnaşyklarynyň meselelerini çuňňur öwrenmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şunda pudaklaýyn sözlükleri, iki dilli sözlükleri we kesp-kär, hünär bilen baglanyşykly sözlükleri, adalgaşynaslyk sözlüklerini, şeýle-de, grammatik, orfoepik we frazeologik sözlükleri okamagyň, öwrenmegiň uly ähmiýeti bar. Häzirki wagtda iki tomdan ybarat bolan «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» dil ugrundan bilim alýan talyplar üçin gymmatly hazynadyr. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň iki tomlugy hormatly Prezidentimiziň howandarlyk etmeginde milli elipbiýde ilkinji gezek çap edildi. Bu düşündirişli sözlük görnüşi boýunça uly sözlüklere degişli bolup, häsiýeti boýunça kadalaşdyryjy sözlükleriň hataryna girýär.

Häzirki zaman türkmen edebi dilini hasyl edýän sözleriň we söz düzümleriniň esasynda düzülen sözlükde diňe bir häzirki zaman türkmen diliniň sözlük gory, Garaşsyzlyk ýyllary içinde dörän täze sözler, adalgalar hem-de olaryň täze manylary beýan edilmän, onda dürli görnüşli halk döredijiligi eserleriniň, dessanlaryň, nusgawy şahyrlaryň, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginde duş gelýän ýörgünli sözler hem öz şöhlelenmesini tapýar. Bu bolsa dil baýlygyny has-da kämilleşdirmäge ýardam berýär.

Ogulbeg GULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.