Şahyrlaryň dilleriniň senasy

23 Maý 2021
1162

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýüregi, Aziýanyň merjeni Aşgabat hormatly Prezidentimiziň ýürek mährinden, kalp söýgüsinden kemal tapyp, dünýäniň iň gözel hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabadyň belent ýaşaýyş jaýlary, biri-birinden gözel desgalary, ajaýyp seýilgähleri, täsin suw çüwdürimleri, nurana ýollary ulynyň-kiçiniň diliniň senasydyr, kalbynyň aýdymydyr.

Aşgabadyň sazlaşykly gözelliklerini şahyrlar şygyrlarynda, sazandalar şirin sazlarynda, aýdymçylar ajaýyp aýdymlarynda, suratkeşler, heýkeltaraşlar, halyçylar sungat eserlerinde wasp edýärler. Gözel Diýarymyzda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabadyň güni dabara bilen bellenilip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenýär.

Şasenem HEKIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.