Bilimler mekany

21 Maý 2021
1287

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde ak şäherimiz Aşgabadyň ylym-bilim babatda şu günki ýeten belent derejesi has-da buýsandyryjydyr. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän şanly ýylynda bu ugurdaky işler uly rowaçlyklara beslenýär, döwrebaplygy, okamak we işlemek üçin baý mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralary öz gurluş aýratynlyklary, daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy we çagalar dünýäsine mahsus bezelişi, ýaş nesli terbiýelemek, sowat öwretmek ýaly asylly maksatlar üçin döredilen döwrebap şertleri bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda körpeler döwrüň iň täze gazanan tehnologiýalary ornaşdyrylan çagalar-bakja baglarynda terbiýelenýärler, sowat öwrenýärler.

Paýtagtymyzda orta mekdepler bilen bir hatarda, dil merkezleri, sport mekdepleri, hünär taýýarlaýyş ojaklary we beýlekiler yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýär. Bilim ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk batly depginlerde ösdürilmegi, ylmyň hem täze sepgitleri eýelemegini şertlendirdi. Aşgabat ylmy başlangyçlaryň, täzelikleriň, oýlap tapyşlaryň we öňegidişlikleriň täze tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýan merkezi. Munuň şeýledigine paýtagtymyzdaky ylmy-barlag institutlarynyň, Tehnologiýalar merkeziniň we beýleki ylmy-önümçilik kärhanalarynyň amala aşyrýan beýik işlerinde hem aýdyň duýulýar.

Muhammetnazar MYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.