Hünäre höwes döredýäris

20 Maý 2021
974

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, aň-düşünje, ruhy-ahlak, däp-dessur, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim, ylym ulgamyny has-da ösdürmekde alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. Mugallymlar bolan biz gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, ene-mamalarymyzdan miras galan milli mirasymyzy ösüp gelýän ýaş nesle öwretmelidiris.

Orta okuw mekdepleriniň durmuş zähmeti okuwy dersinde ýaş nesliň düýpli bilim almagyny, hünär öwrenmegini halallyk, agzybirlik, watansöýüjilik terbiýesi bilen baglanyşdyryp alyp barýarys. Okuw maksatnamasynyň mazmunyna laýyklykda, durmuş zähmeti dersiniň maksady okuwçylarda zähmet endiklerini we başarnyklaryny kemala getirmekden, olary hünäre ugrukdyrmakdan ybaratdyr.

Maral TOÝGULYÝEWA,
Serdar şäherindäki 11-nji orta mekdebiň mugallymy.