Bilimli nesil — kuwwatly Watan

21 Maý 2021
1001

Körpe nesliň aladasynda

Eziz Diýarymyzy ösüşiň belentliklerine sary batly gadamlar bilen alyp barýan, il-ýurt, Watan we körpe nesil hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekdäki başlangyçlaryndan ugur alyp, biz — terbiýeçi mugallymlar ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde, çagalaryň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny kämilleşdirmekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris. Biziň 3-nji çagalar bakja-bagymyzda 7 topar hereket edip, olarda 151 çaga bilim we terbiýe berilýär. Çagalar bakja-bagymyzyň “Gülälek” hem-de “Bägül” uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynda terbiýelenilýän körpeleriň mekdebe taýýarlygyna uly üns berilýär.