Tehnologiýalardan peýdalanyp sapak guramak

18 Maý 2021
1075

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy barha kämilleşýär. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da artmagyna, olaryň gözýetimleriniň giňemegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunda ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy esasy talaplaryň biridir.

Okuw otaglarynda häzirki zaman kompýuter serişdeleriniň, multimedia tagtasynyň bolmagy örän ähmiýetlidir. Olar dürli öwrediji oýunlaryň guralmagyna, geçilen temanyň has-da netijeli berkidilmegine ýardam berýär. Multimedia tagtasyny türkmen dili we edebiýat sapaklarynda-da işjeň peýdalanmak wajypdyr.

Kurbangül HAKBERDIÝEWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdebiň mugallymy.