"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Täze tehnologiýalara daýanyp

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha pugtalandyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy ýaş nesliň sanly sowatlylygyny we innowasiýa bilimlerini artdyrsa, milli terbiýäniň gadymy akabalary hakyky şahsyýet hökmünde kemala gelmäge itergi berýär. Şonuň üçin hem biziň halkymyzda ýaş nesliň terbiýesi, aň we beden taýdan sagdynlygy bilim işi bilen sazlaşykly we netijeli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaş nesillerimiziň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, watançylyk ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Şoňa görä-de, biz bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarda sagdyn ýaşaýyş-durmuş endiklerini kemala getirmäge, olary watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýäris. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen dürli bilim edaralarynyň gurluşygyny dowam edýäris.

Şowhuna beslenen çäre

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Gökdere jülgesinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Şol dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtlarynyň şatlykly, ruhubelent, täsirli geçmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň arasynda dürli medeni we sport çäreleri, bäsleşikler we döredijilik agşamlary geçirilýär. Ýakynda şeýle çäreleriň biri Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň, TMÝG-niň Ahal welaýat geňeşiniň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda, tomus möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirildi. Çäräniň dowamynda «Ýaş ýangyn söndüriji» we «Ýaş ýol hereketiniň gözegçisi» ady bilen geçirilen özara bäsleşikler çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşiklerde ýaşlar ýangyn howpsuzlygynyň, şeýle-de ýol hereketiniň kadalarynyň dogry berjaý edilişi babatda başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezmegi başardylar.

Bilim — berkararlygyň binýady

Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Täze gurulýan orta mekdepleriň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, okuwçylaryň döwrebap kompýuterlerden peýdalanmagyna şertleriň döredilmegi, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň girizilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Türkmen halkynyň milli bilim-terbiýe ulgamy çuňňur pähim-paýhasy kemala getirmegiň esasynda jemgyýeti jebisleşdirmegiň, şonuň netijesinde jemgyýetiň ähli döredijilik kuwwatynyň ösüşe, tutuş jemgyýetiň abadançylygyna gönükdirilmegini üpjün etmegiň netijeli serişdesidir. Halkyň bilim-terbiýe däplerinde, jemgyýetçilik pähiminde ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, arassalyk, halallyk, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary taýýarlamaga we terbiýelemäge ukyply häzirki zaman bilim ulgamy halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň esasy çeşmesi hasaplanylýar.

Bagtyýar çagalaryň bagynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynda hem körpe nesliň edepli-terbiýeli, watansöýüji, okamaga, öwrenmäge höwesli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bu döwrebap çagalar bagynda 14 topar bolup, olara tejribeli terbiýeçilerdir enekeler körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä bilim-terbiýe berýärler. Bu ýerde çagalaryň başlangyç sowat sapaklaryny öwrenmekleri, sport bilen meşgullanmaklary, dynç almaklary, dürli oýunlar oýnamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Ýeri gelende bellesek, bu ýerde çagalar üçin niýetlenen kompýuter, aýdym-saz, bedenterbiýe otaglary we sport, oýun meýdançalary bar. Sapaklary geçmäge niýetlenen otaglar interaktiw-multimediýa enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde dürli görkezme esbaplardyr diwarlyklar ýerleşdirilipdir.

Uçurymlaryň gutardyş synaglary

Düýn ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerini tamamlaýan uçurymlar gutardyş synaglaryny tabşyrdylar. Tebigy bilimler ylmy ugra ýöriteleşen gutardyş synplarda himiýa dersinden, şeýle hem ynsanperwerlik-durmuş bilimler ylmy ugra ýöriteleşen gutardyş synplarda Türkmenistanyň taryhy dersinden synag tabşyrdylar. Gutardyş synaglary Boldumsaz etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdeplerde hem guramaçylykly geçirilýär. Etrapda bilim bölümine degişli mekdepleriň 33-si bolup, olarda şu ýyl 1 müň 42 sany uçurym mekdebi tamamlar.

Bagtyýarlyk döwrüniň ýörelgesi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen çäre «Sagdyn durmuş — bagtyýarlyk döwrüniň ýörelgesi» diýlip atlandyryldy we oňa mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Berkarar ýurdumyzda ýaşlar bilen bagly alnyp barylýan işleriň gerimini has-da giňeltmek, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen eziz Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň arassa ahlakly, ýokary adamkärçilikli, bilimli, maksadaokgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigini nygtadylar. «Ýaşlar öz wagtlaryny peýdaly geçirýärler, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýarlar, bedenlerini taplaýarlar, pikirlenmek ukyplaryny ösdürýärler, sport äleminde mynasyp orunlaryny tapyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durýarlar» diýip, aýratyn be

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Ýurdumyzda medeniýet edaralaryny sanly ulgama geçirmek, olara täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň we beýleki medeniýet ojaklarynyň işi boýunça halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi bu ugurda kämil maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny döredip, adamlaryň maglumatlara bolan elýeterliligini gazanmaga bolan islegini ýokarlandyrýar. Şeýle islegleri kanagatlandyryp bilýän sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly dürli mazmunly saýtlary açmak, internet we onlaýn ulgamlaryna birikmek, zerur maglu-matlary toplamak we paýlamak ýaly usullardan giňişleýin peýdalanylýar. Häzirki döwürde sanly ulgamyň berýän şeýle mümkinçiliklerinden neti-jeli peýdalanýan muzeý işgärleri-de muzeý we muzeý gymmatlyklarynyň taryhy bilen bagly alyp barýan işlerini sanly ulgam arkaly halk köpçüligine ýetirmäge çalyşýarlar. Her welaýatyň özüne degişli açylan saýtlardaky muzeýe degişli mahabatlar, bildirişler, gymmatlyklara degişli maglumatlar bilen halk köpçüliginiň ýakyndan tanyşmagy, özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip bilmegi sanly ulgamyň halkymyza berýän ýeňillikli usullarynyň biridir. Bu ýeňillikler bilen bir hatarda, muzeý gymmatlyklary barada üç dilde taýýarlanan audiogid ses ýazgylary, wirtual muzeýler raýatlara hyzmat edýärler. Welaýat muzeýleriniň arasynda geçirilýän tejribe alyşmalar, onlaý

Nurana geljegimiziň eýeleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşymyzyň gül-gunçasyna deňelýän ýaş nesilleriň iň gowy şertlerde ösüp-ulalmaklaryny, wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmeklerini, ylym-bilim alyp, geljekde Watana, halka wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, bagtyýar çagalygy üpjün etmek «Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly we halal adamlar bolup ýetişmekleri meniň baş aladamdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesliň bimöçber söýgi bilen gurşalmagynyň netijesinde eziz Diýarymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Olaryň nurana geljegini üpjün etmekde giň mümkinçilikleri, amatly şertleri döretmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan we gurulýan çagalar baglary, ýokary derejedäki şertleri özünde jemleýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesliň nurana geljegi baradaky edýän atalyk aladalarynyň ajaýyp miwesidir. 

Bagtyýarlygyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Soňky ýyllarda kabul edilýän kanunlar jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleri ösdürmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, olary amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda maddy-tehniki binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ähli derejedäki bilim edaralarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagyna, okatmagyň we terbiýe bermegiň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli maksatnamalaryň netijesinde birnäçe çagalar baglary, umumybilim berýän orta mekdepler gurlup ulanylmaga berildi.

Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat

Günsaýyn gülläp ösýän Watanymyzda bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyň miwelerine guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýar, toýlarymyz toýlara ulaşýar. Ähli ösüşlere, özgerişlere, bagta, bagtyýarlyga ýol bolsa ylym-bilimden gözbaş alyp gaýdýar. Ylym-bilim — bahasyny kesgitläp bolmaýan gymmatlyk. Ylym — ähli ösüşleriň gözbaşy. Ýurdumyzda gurulýan ylym-bilim ojaklary ylymda gazanylýan uly üstünlikleriň güwäsi. Her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi ylym pudagymyzy rowaçlandyrmakda hem-de dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip, nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny netijeli ulanmak ata Watanymyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Ylmy işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara hyzmatdaşlyklary alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjaml

Diller dünýä ýol açýar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasyny durmuşa geçirýär. Öňde goýlan belent sepgitlere abraý bilen ýetmek üçin daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Uly möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikler peýda bolýar. Olarda türkmen hünärmenleri yhlasly zähmet çekýärler. Olar şeýle başarnygy daşary ýurt dillerini kämil ele almak arkaly gazanýarlar. Bu möhüm meselä ýurdumyzda ýakyndan üns berilýändigi guwandyrýar. Hakykatdan-da, döwletleriň arasyndaky durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýeti, gymmaty ýokarydyr. Şonuň üçin daşary ýurt dillerini öwrenmek umumy bilim we hünär maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizildi. Ýurdumyzda dürli diller bilen bir hatarda iňlis dilini öwretmäge uly ähmiýet berilýär. Körpeler mekdebe çenli çagalar edaralarynda bu dilde sözleýşiň ilkinji endiklerini we başarnyklaryny ele alýarlar.

Bilim belentliklerine tarap

Şu günler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň uçurymlary öz durmuşlarynda tolgundyryjy pursatlary başdan geçirýärler. Ýürekleri joşgunly, nurana geljege ynamly ýaşlar bellenen dersler boýunça gutardyş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, 11 ýyllap alan bilimleriniň netijelerini görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň: «Bilim jemgyýetimiziň döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin uly mümkinçilikler, şertler döredilýär.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli tagallasy bilen Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky alada öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Gökderede, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda mähriban çagalaryň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin aýdym-sazlar, ajaýyp sahna oýunlary bilen çykyş etmekleri, döredijilik we sport bäsleşikleri, çagalaryň şadyýan gülküleriniň belentden ýaňlanmagy abadançylygyň we bagtyýarlygyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bagy-bossanlyga öwrülen ajaýyp Watanymyz bu günki gün dünýä ýüzüne şugla saçýar. Ata-babalarymyz öz nesillerine, ogul-gyzlaryna arassa ahlakly terbiýe beripdirler we bu ajaýyp däp häzirki günlerde hem dowam edýär. Ösüp barýan ýaşlarda edep-terbiýäni, aň-düşünjäni berkitmek maksady bilen, pederlerimiz gadymda dürli oýunlary hem oýlap tapypdyrlar. Oýunlaryň netijesinde çagalar, bir ýandan, dynç alsalar, beýleki bir tarapdan, aň-bilimlerini kämilleşdiripdirler. Şol bir wagtyň özünde çagalarda ata Watana, durmuşa, tebigata bolan söýgi, ýaşaýşa bolan höwes hem artypdyr.

«Altyn ýyldyz» — altyn geljegimiziň kepili

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanýar, şadyýan gülküleri zemini doldurýar.

Hu­kuk hep­de­li­gi geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde hukuk hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda welaýat harby prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi Agamämmet Mämiýewiň şeýle-de serkerdäniň orunbasary, maýor Ogulnur Hajybabaýewanyň gatnaşmaklarynda harby bölümleriň serkerdeleri we borçnama boýunça harby gullukçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda harby gullukçylara ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli taryhy özgertmeler, döwletimiziň kanunçylyk esaslary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralýandygy barada giňişleýin gürrüň berildi. Begenç ROZYPÄLWANOW, kapitan.

Kämil bilim, nusgalyk edep — bagtly geljegiň açary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ylym hem-de bilim ynsan durmuşyna röwşen nuruny saçýar. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýäris. Ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, täze bilim toplumlaryny döretmek, sanly bilimi ösdürmek arkaly bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Bu bolsa ýaşlarymyzyň halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimleriniň has-da artmagyna, ylym we döredijilik işlerine höwesiniň döremegine, dünýägaraýyşlarynyň giňemegine ýardam berýär.

Çaga terbiýesinde sanawaçlaryň orny

Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi hemişe iň ähmiýetli meseleleriň biri bolupdyr. Pederlerimiz çaga terbiýesinde däp-dessurlarymyzy, edep-kadalarymyzy esas edip goýýar. Adamzat ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklary döredýär. Ertekiler, rowaýatlar, läleler, hüwdüler, matallar, nakyllar, milli oýunlar we şuňa meňzeşler şol döredilen ajaýyplyklara girýär. Olar halk döredijiliginiň eserleridir. Halk döredijiliginiň özüne çekiji güýji, ýaş nesli terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bolýar. Şonuň üçin hem halkyň pähim-paýhasynyň gymmatly önümi bolan sanawaçlar hem asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelýär. Şahyrana halk döredijiliginiň, esasan, çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri hem sanawaçlardyr. Bu söz “sanamak” sözünden döräp, ol bentleri ýüzugra sanap çykmagy aňladýar. Sanawaçlar çagalaryň we ýaş ýetginjekleriň arasynda giňden ýaýran bentler, şygyrlardyr. Sanawaçlar 3-4 ýaşdan 14-15 ýaşa çenli çagalaryň durmuşynda has köp ulanylýar, çünki bu ýaşdaky çagalar halk oýunlarynyň dürli görnüşleri bilen gyzyklanyp oýnaýarlar. Şonuň üçin hem ony sanamagyň zerurlygy ýüze çykýar.

Körpeler üçin öwrediji oýunlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, akyl taýdan kämil, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda her bir sapagy dürli usullarda gyzykly, kämil guramak, netijeliligini ýokarlandyrmak, çagalaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak terbiýeçä bagly bolup durýar. Çagalar bagynda guralýan sapakda çaga nähili hem bolsa özüni täsin galdyrýan zady görmese, onuň sapaga gyzyklanmasy peselýär. Çagalaryň sapaga gyzyklanmasyny artdyrmagyň täsirli serişdeleriniň biri hem sapak wagtynda we sapakdan daşary geçirilýän öwrediji oýunlardyr. Bu usul çagalarda sapaga bolan oňyn gatnaşygy emele getirýär, okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Sapagy usuly taýdan dogry guramak oýun esasynda alyp barmakdan, çagalaryň özbaşdak işläp bilmeklerini gazanmakdan, okuw-görkezme esbaplaryndan, okuw serişdelerinden netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin terbiýeçi sapakda çagalaryň ünsüni çekjek dürli görnüşli oýunlary, didaktiki serişdeleri, ýumuşlary ulanmalydyr. Öwrediji oýunlar çaganyň bilesigelijiligini oýandyrýar, akyl ýetirijiligini, logiki pikirlenmäni, duýgurlygy işjeňleşdirýär. Sapakda oýunlary guramak terbiýeçiniň oňat taýýarlygyny we ussatlygyny talap edýär. Çaganyň sapaga bolan gyzyklanmasyny öwrediji oýnuň düzümine girýän görkezme esbaplar bilen ýok

Talyp joşguny ― 2021

Ýakynda paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp joşguny ― 2021» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Döredijilik festiwalynyň jemleýji konsertinde bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda has gowy netije görkezen ýokary okuw mekdepleriniň talyplar topary bilelikde çykyş etdiler. Bu döredijilik festiwaly halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesillere öwretmek, ýaşlarda halkymyzyň milliligine bolan buýsanjy kemala getirmek, ýurdumyzda alnyp barylýan işlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, talyp ýaşlaryň arasyndan dörediji zehinleri ýüze çykarmak, çeper höwesjeňleriň ukybyny ösdürmek maksatlaryndan ugur alýar.

Arzuwym — talyp bolmak

«Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýýän hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli nesilleriň kemala gelmegi üçin bimöçber alada edýär. Bu babatda orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde bilim ulgamyna degişli maksatnamalaryň çäklerinde giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilip, okatmagyň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy, sanly bilimiň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim we terbiýe almaklary, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edýän yzygiderli aladasynyň anyk mysallarydyr. Şol aladanyň netijesinde döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlarymyzyň sany ýylsaýyn artýar. Biziň häzirki söhbetdeşimiz Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň uçurymy Suraý Meredowa hem şeýle ýaşlaryň biri. Ol şu ýyl «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda tebigy ugur (biologiýa) boýunça 3-nji orna mynasyp boldy. — Suraý, ilki bilen, orta mekdebi üstünlikli tamamlamagyň hem-de döwlet bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp bolmagyň bilen gutla