Bagtyýarlyk döwrüniň ýörelgesi

9 Iýun 2021
1143

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen çäre «Sagdyn durmuş — bagtyýarlyk döwrüniň ýörelgesi» diýlip atlandyryldy we oňa mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Berkarar ýurdumyzda ýaşlar bilen bagly alnyp barylýan işleriň gerimini has-da giňeltmek, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen eziz Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň arassa ahlakly, ýokary adamkärçilikli, bilimli, maksadaokgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigini nygtadylar. «Ýaşlar öz wagtlaryny peýdaly geçirýärler, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýarlar, bedenlerini taplaýarlar, pikirlenmek ukyplaryny ösdürýärler, sport äleminde mynasyp orunlaryny tapyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaramaz endiklerden daşda durýarlar» diýip, aýratyn bellediler. 

Orazgül AMANDURDYÝEWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.