Bagtyýar çagalaryň bagynda

10 Iýun 2021
1016

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynda hem körpe nesliň edepli-terbiýeli, watansöýüji, okamaga, öwrenmäge höwesli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bu döwrebap çagalar bagynda 14 topar bolup, olara tejribeli terbiýeçilerdir enekeler körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä bilim-terbiýe berýärler. Bu ýerde çagalaryň başlangyç sowat sapaklaryny öwrenmekleri, sport bilen meşgullanmaklary, dynç almaklary, dürli oýunlar oýnamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Ýeri gelende bellesek, bu ýerde çagalar üçin niýetlenen kompýuter, aýdym-saz, bedenterbiýe otaglary we sport, oýun meýdançalary bar. Sapaklary geçmäge niýetlenen otaglar interaktiw-multimediýa enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde dürli görkezme esbaplardyr diwarlyklar ýerleşdirilipdir.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: çagalar bagynyň durmuşyndan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.