Diller dünýä ýol açýar

9 Iýun 2021
962

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasyny durmuşa geçirýär. Öňde goýlan belent sepgitlere abraý bilen ýetmek üçin daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Uly möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikler peýda bolýar. Olarda türkmen hünärmenleri yhlasly zähmet çekýärler. Olar şeýle başarnygy daşary ýurt dillerini kämil ele almak arkaly gazanýarlar. Bu möhüm meselä ýurdumyzda ýakyndan üns berilýändigi guwandyrýar.

Hakykatdan-da, döwletleriň arasyndaky durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýeti, gymmaty ýokarydyr. Şonuň üçin daşary ýurt dillerini öwrenmek umumy bilim we hünär maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizildi. Ýurdumyzda dürli diller bilen bir hatarda iňlis dilini öwretmäge uly ähmiýet berilýär. Körpeler mekdebe çenli çagalar edaralarynda bu dilde sözleýşiň ilkinji endiklerini we başarnyklaryny ele alýarlar.

Nigara KAÝLYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy.