Täze tehnologiýalara daýanyp

11 Iýun 2021
963

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha pugtalandyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy ýaş nesliň sanly sowatlylygyny we innowasiýa bilimlerini artdyrsa, milli terbiýäniň gadymy akabalary hakyky şahsyýet hökmünde kemala gelmäge itergi berýär. Şonuň üçin hem biziň halkymyzda ýaş nesliň terbiýesi, aň we beden taýdan sagdynlygy bilim işi bilen sazlaşykly we netijeli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaş nesillerimiziň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, watançylyk ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Şoňa görä-de, biz bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarda sagdyn ýaşaýyş-durmuş endiklerini kemala getirmäge, olary watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýäris. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen dürli bilim edaralarynyň gurluşygyny dowam edýäris.

Orazgül REJEPOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby.