Arzuwym — talyp bolmak

7 Iýun 2021
1121

«Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýýän hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli nesilleriň kemala gelmegi üçin bimöçber alada edýär. Bu babatda orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde bilim ulgamyna degişli maksatnamalaryň çäklerinde giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilip, okatmagyň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy, sanly bilimiň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim we terbiýe almaklary, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edýän yzygiderli aladasynyň anyk mysallarydyr. Şol aladanyň netijesinde döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlarymyzyň sany ýylsaýyn artýar. Biziň häzirki söhbetdeşimiz Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň uçurymy Suraý Meredowa hem şeýle ýaşlaryň biri. Ol şu ýyl «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda tebigy ugur (biologiýa) boýunça 3-nji orna mynasyp boldy.

— Suraý, ilki bilen, orta mekdebi üstünlikli tamamlamagyň hem-de döwlet bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp bolmagyň bilen gutlaýarys! Berkarar Watanymyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin aladalar edilýär. Söhbetdeşligimizi şular dogrusynda başlaýsak?!

Söhbetdeş bolan Dawut ASGAROW,
«Nesil».