Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat

9 Iýun 2021
1830

Günsaýyn gülläp ösýän Watanymyzda bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyň miwelerine guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýar, toýlarymyz toýlara ulaşýar. Ähli ösüşlere, özgerişlere, bagta, bagtyýarlyga ýol bolsa ylym-bilimden gözbaş alyp gaýdýar. Ylym-bilim — bahasyny kesgitläp bolmaýan gymmatlyk. Ylym — ähli ösüşleriň gözbaşy. Ýurdumyzda gurulýan ylym-bilim ojaklary ylymda gazanylýan uly üstünlikleriň güwäsi. Her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi ylym pudagymyzy rowaçlandyrmakda hem-de dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip, nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny netijeli ulanmak ata Watanymyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Ylmy işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara hyzmatdaşlyklary alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Halkyň arasynda şeýle bir hekaýat bar: «Günlerde bir gün bir halypa mugallym öz şägirtlerini ýanyna çagyryp şeýle diýenmişin:

Aýgül HALMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.