Röwşen geljegimiziň şuglasy

9 Iýun 2021
918

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli tagallasy bilen Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky alada öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Gökderede, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda mähriban çagalaryň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin aýdym-sazlar, ajaýyp sahna oýunlary bilen çykyş etmekleri, döredijilik we sport bäsleşikleri, çagalaryň şadyýan gülküleriniň belentden ýaňlanmagy abadançylygyň we bagtyýarlygyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bagy-bossanlyga öwrülen ajaýyp Watanymyz bu günki gün dünýä ýüzüne şugla saçýar. Ata-babalarymyz öz nesillerine, ogul-gyzlaryna arassa ahlakly terbiýe beripdirler we bu ajaýyp däp häzirki günlerde hem dowam edýär. Ösüp barýan ýaşlarda edep-terbiýäni, aň-düşünjäni berkitmek maksady bilen, pederlerimiz gadymda dürli oýunlary hem oýlap tapypdyrlar. Oýunlaryň netijesinde çagalar, bir ýandan, dynç alsalar, beýleki bir tarapdan, aň-bilimlerini kämilleşdiripdirler. Şol bir wagtyň özünde çagalarda ata Watana, durmuşa, tebigata bolan söýgi, ýaşaýşa bolan höwes hem artypdyr.

«Esger».