Bilim belentliklerine tarap

9 Iýun 2021
1014

Şu günler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň uçurymlary öz durmuşlarynda tolgundyryjy pursatlary başdan geçirýärler. Ýürekleri joşgunly, nurana geljege ynamly ýaşlar bellenen dersler boýunça gutardyş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, 11 ýyllap alan bilimleriniň netijelerini görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiziň: «Bilim jemgyýetimiziň döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin uly mümkinçilikler, şertler döredilýär.

Ýörite habarçymyz.