Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

9 Iýun 2021
982

Ýurdumyzda medeniýet edaralaryny sanly ulgama geçirmek, olara täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň we beýleki medeniýet ojaklarynyň işi boýunça halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi bu ugurda kämil maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny döredip, adamlaryň maglumatlara bolan elýeterliligini gazanmaga bolan islegini ýokarlandyrýar. Şeýle islegleri kanagatlandyryp bilýän sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly dürli mazmunly saýtlary açmak, internet we onlaýn ulgamlaryna birikmek, zerur maglu-matlary toplamak we paýlamak ýaly usullardan giňişleýin peýdalanylýar. Häzirki döwürde sanly ulgamyň berýän şeýle mümkinçiliklerinden neti-jeli peýdalanýan muzeý işgärleri-de muzeý we muzeý gymmatlyklarynyň taryhy bilen bagly alyp barýan işlerini sanly ulgam arkaly halk köpçüligine ýetirmäge çalyşýarlar. Her welaýatyň özüne degişli açylan saýtlardaky muzeýe degişli mahabatlar, bildirişler, gymmatlyklara degişli maglumatlar bilen halk köpçüliginiň ýakyndan tanyşmagy, özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip bilmegi sanly ulgamyň halkymyza berýän ýeňillikli usullarynyň biridir. Bu ýeňillikler bilen bir hatarda, muzeý gymmatlyklary barada üç dilde taýýarlanan audiogid ses ýazgylary, wirtual muzeýler raýatlara hyzmat edýärler.

Welaýat muzeýleriniň arasynda geçirilýän tejribe alyşmalar, onlaýn arkaly metbugat täzelikleri bilen tanyşmalar, dürli ulgamlar boýunça daşary ýurt işewürleri bilen geçirilýän maslahatlar sanly ulgamyň artykmaç taraplarydyr. Şonuň üçinem sanly ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Akbibi GURBANNAZAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.