Şowhuna beslenen çäre

10 Iýun 2021
1386

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Gökdere jülgesinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Şol dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtlarynyň şatlykly, ruhubelent, täsirli geçmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň arasynda dürli medeni we sport çäreleri, bäsleşikler we döredijilik agşamlary geçirilýär.

Ýakynda şeýle çäreleriň biri Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň, TMÝG-niň Ahal welaýat geňeşiniň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda, tomus möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirildi. Çäräniň dowamynda «Ýaş ýangyn söndüriji» we «Ýaş ýol hereketiniň gözegçisi» ady bilen geçirilen özara bäsleşikler çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşiklerde ýaşlar ýangyn howpsuzlygynyň, şeýle-de ýol hereketiniň kadalarynyň dogry berjaý edilişi babatda başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezmegi başardylar.

Maksat ÇARYÝEW
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri, polisiýanyň maýory.