Bilim — berkararlygyň binýady

10 Iýun 2021
941

Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Täze gurulýan orta mekdepleriň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, okuwçylaryň döwrebap kompýuterlerden peýdalanmagyna şertleriň döredilmegi, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň girizilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmen halkynyň milli bilim-terbiýe ulgamy çuňňur pähim-paýhasy kemala getirmegiň esasynda jemgyýeti jebisleşdirmegiň, şonuň netijesinde jemgyýetiň ähli döredijilik kuwwatynyň ösüşe, tutuş jemgyýetiň abadançylygyna gönükdirilmegini üpjün etmegiň netijeli serişdesidir. Halkyň bilim-terbiýe däplerinde, jemgyýetçilik pähiminde ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, arassalyk, halallyk, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary taýýarlamaga we terbiýelemäge ukyply häzirki zaman bilim ulgamy halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň esasy çeşmesi hasaplanylýar.

Ogulbagt HOJYMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.