"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Talyp bolmak bagty

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden toýlanylýan şanly ýylynda welaýatymyzyň bagtyýar ýaşlaryna hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bagtdan paýly şeýle ruhubelent ýaşlaryň ýürek buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Pälwan BEGLIÝEW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby:

Röwşen geljegimiziň eýeleri

Şu gün ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçilýär. Şonuň bilen baglylykda ak mekdeplerde täze 2021-2022-nji okuw ýyly başlaýar, bilim ojaklary ýaş nesil üçin gapylaryny giňden açýar. Täze okuw ýyly welaýatymyzda uly taýýarlyklar bilen garşylanýar. Bu gün 6 ýaşly çagalaryň 23 müň 200-den gowragy welaýatymyzdaky ak mekdeplere 1-nji synpa gadam basýar. Bagtdan paýly çagalaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady bolan okuw kompýuterleri gowşurylýar. Welaýatymyzyň Ak bugdaý, Gökdepe, Babadaýhan, Tejen etraplarynda umumybilim berýän täze, döwrebap orta mekdepleri açylyp, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesle ajaýyp toý sowgady bolar.

Arzuwlara barýan ýol

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, talyp diýen ada mynasyp bolan ýaşlaryň ençemesi höwes edýän ugurlary boýunça ýokary bilim almak, arzyly hünäriň eýesi bolmak hyjuwlaryna beslenen ýaşlaryň ençemesi üçin durmuşyň iň bir jogapkärli, iň bir gyzykly pursatlary başlaýar. Men hem deň-duşlarym bilen ilkinji gezek talyp hökmünde ýokary okuw mekdebiniň bosagasyndan ätlänimde, ylym dünýäsiniň gapysy giňden açylypdy. Talyplygyň her bir güni täzelikler bilen hünär ugrunyň gizlin syrlaryny açyp, bilmek-öwrenmek höwesimizi artdyrýar. Döwrebap okuw maksatnamasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamlary, ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin bäsleşige ukyply ýokary bilimli kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alýar. Ýokary hilli bilimiň üpjün edilmegi durnukly ösüşiň maksatlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak üçin özüniň tagallalaryny milli maksatnamalara üstünlikli ornaşdyrýar we durmuşa geçirýär.

Jemgyýetiň kämil binýady

Belent mertebeli Prezidentimiz ýurdumyzy ösdürmek baradaky maksatnamalaýyn çykyşlarynda bilim işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeleriň toplumyny goýýar. Şol wezipelere laýyklykda hem, umumy orta bilimiň baş maksady barha ösýän jemgyýetde ýaşamaga ukyply, jemgyýetiň bähbitlerini we özüniň şahsy bähbitlerini goramak üçin taýýar, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmekden ybarat bolup durýar. Ol dünýä tejribesinden we milliligimizden ugur alyp, ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmegine, onuň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilýär. Milli Liderimiziň ýiti paýhasy bilen çemeleşmegi netijesinde ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň birnäçesi döredilip, talyp ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy we professor-mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriň, olarda taýýarlanylýan hünärleriň hem-de kabul edilýän talyplaryň sany ýylyň-ýylyna artýar.

Kitap — gymmatly hazyna

Ýurdumyzyň bilim we ylym edaralarynyň, kitaphanalarynyň, kompýuter-maglumat merkezleriniň işiniň döwrebap guralmagy bilimiň we terbiýäniň netijeliligine oňaýly täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär. Okuwlaryň bilim berijilik-terbiýeçilik wezipelerini üstünlikli çözmek üçin talyplary häzirki zaman maglumatlary bilen yzygiderli tanyşdyryp durmak wajypdyr. Şonuň bilen birlikde, gündelik metbugata, çeper edebiýata, radio we teleýaýlymlardaky gepleşiklere talyplaryň ünsüni çekmek möhümdir. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek ýokary hilli okuw kitaplarynyň, okuw maksatnamalarynyň we usulyýet gollanmalarynyň taýýarlanmagyna köp derejede bagly bolup durýar. Bilim ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de umumy bilim berýän mekdepleriň tejribeli mugallymlarynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw kitaplary, okuw gollanmalary döwrebap derejede taýýarlanylýar.

Ýakymly pursatlar unudylmaýar

Hajy ilkinji okuw gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardy, sebäbi onuň ejesi oňa akja köýnejik, garaja balajyk we kinniwanja boýunbagyny, ýantorba alyp beripdi. Mundan başga-da, dürli galamlar we reňkli kagyzlar Hajynyň okuwa bolan höwesini has-da artdyrýardy. Haja ejesi owadan el tahýasyny hem taýýarlap berdi. Ol günde ejesine: – Okuwa şunça günüm galdy gerek – diýip, barmaklary bilen görkezýärdi.

Kalbyň owazy

(Oýlanma) Bagtdan paýly, Arkadagdan serpaýly bala! Asman güneşi kimin päk kalbyň dünýäme nur saçýar, köňlüme ýagtylyk, güýç berýär. Seniň öňüňde ýagty ertirler bar, äden ädimleriň bagta sary gitjekdir, bala! Şeýle-de kalbyňa şugla, yşyk saljak nur bar, ol nur ylym-bilimdir. Ylym-bilim diýilýän baýlyk biziň ruhy dünýämiziň gözelligidir. Asman güneşi kimin açyk, sada kalbymyzyň baky gymmatlyklarydyr. Sen şol gymmatlyklara eýe bolmalysyň, bala! Sebäbi sen Watanyň geljegisiň, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň — Arkadagly zamananyň geljegisiň, eziz bala!

Dünýä nusgalyk işler

Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz 2007-nji ýylda bilim ulgamynda özgertmeleri durmuşa geçirmäge girişdik. Häzirki döwürde bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap ýagdaýa getirmekden başlap, onuň düzümini, bilim we terbiýe bermegiň usulyýetini kämilleşdirmäge çenli uly işler edildi» diýen sözleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsandyryjy hakykatydyr. Ajaýyp zamanamyzda geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlara bilim-terbiýe bermekde, ylym öwretmekde bilim işgärleri dünýä hil derejesindäki şert-mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda ylymda, bilimde ýetilen sepgitler diňe tarypa mynasyp. Dünýä hil ülňülerinde gurlup, iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim-terbiýe ojaklary, sport desgalary ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, bilimli, beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri özünde jemleýär. Biri-birinden kaşaň, ak mermerden gurlan şeýle binalarda bilim alýan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş nesilleriň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary egsilmezdir.

Bagt bossany

Bosagada — täze okuw ýyly. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek babatda giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň çäklerinde bilim ulgamy täze belentlikleri nazarlaýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki bilim edaralarynda täze okuw ýylyna taýýarlykly gelindi. Welaýatlaryň käbirinde täze döwrebap mekdepler açylyp, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde 1-nji synpa barýan 161 müň 739 çaga Gahryman Arkadagymyzyň adyndan kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bilim ― durnukly ösüşiň gözbaşy

Adamzat durmuşynda bilim ulgamynyň wajyplygy, esasan, jemgyýetiň ösüşindäki orny bilen kesgitlenýär. Has takygy, bilim adamlaryň ukyplaryny, endiklerini we olaryň şahsy häsiýetlerini ösdürmäge mümkinçilik bermek bilen bir hatarda, durmuş tejribesiniň artmagyna hem itergi berýär. Häzirki döwürde tutuş dünýä ýüzünde bilime durnukly ösüşi üpjün edýän serişde hökmünde garalýar. 2015-nji ýylda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen «Biziň dünýämiziň özgerdilmegi: Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde» geljekki 15 ýyl üçin dünýä ösüşini üpjün etjek maksatlaryň 17-si kesgitlenildi. Olaryň düzüminde «Ýokary hilli bilimiň» durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi onuň adam aňyny ösdürmekde, ahyrky netijede, dünýäni özgertmekde tutýan möhüm orny bilen baglydyr. Çünki durnukly ösüşiň binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde bilim adamlaryň aň-paýhas derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýägaraýşynyň giňemegine, medeniýetiniň ösmegine, hünär başarnyklaryny ele almaga gös-göni täsir edýän sebäp bolup durýandygy bilen ähmiýetlidir.

Arzuwym, myradyň gutly bolsun!

Ýaşlygymyň baş arzuwynyň myrady, hoş geldiň ömrüme! Arkaýyn geçiber ýüregimiň törüne! Men saňa ol ýeri, gör, näçe wagt bäri niýetläp ýörün ahyry! Dogrusy, birneme garaşdyryp, ýoluňa seretdiren bolsaňam, uzakdan ýylgyryp gelýäniňi görenimden, kalbymyň öýkesi ýazyldy gitdi. Ýeri, bolýar, gel indi men seni köpçülik bilen tanyşdyraýyn. Sözümi seniň özüňden başlasammykam ýa seniň bilen duşuran ýollardan?! Gel, gowusy, ilki saňa duşuran ýollaryň kelamyna rowana bolaýyn. Meniň bu başyny başlan söhbedim kitapdyr makalalarda häli-şindi gaýtalanyp duran pikirlerden pürepür hem bolsa, olaryň üstünden ätläp geçip bilmedim. Käte hasyl bolmadyk arzuwlarymyza gynanyp, bisarpa geçirýän wagtymyzy olaryň täze synanyşyklaryna bagyş etsek kem bolmajak ekeni. «Gynanmak» sözüniň «synanmak» sözünden ýekeje harp tapawut edýänem, meger, ýöne ýere däldir. Asyl, «synanmak» sözüniň içinde «ynanmak» sözüniň bardygy hem, islendik arzuwlaryň synanyşyklary öz myradyna diňe ynam bilen gowuşýandygynyň alamaty ýaly, göwnüme.

Erjellik ýeňilmese gowy

Käte pikire batamda şeýleräk sowala jogap agtarýan: «Erjellik bilen nesibäni baglanyşdyrýan zat nämekä?». Görgüli akyl kän wagtdan bäri şu sowala jogap tapmagyň ugrunda ser-sepildi. «Ýyllar» diýip jogap berseňem, ol hem ýene wagt birligini aňladyp dur. Nämekä?! Köne tanyşlarymyň biri: «Ykbalymy nesibäň eline berdim» diýýärdi. Aslynda, nesibäniň özi ykbalyň eçilen paý-rysgaly. Ýöne biz käte «nesip bolsalar» bilen öz-özümizi köşeşdirýäris. Ol hem dogrudyr welin, erjellik diýibem-ä bir zat bar. Şol bolmasa, nesibe diýen zat sähelçe ýele uçup gitjek tozga meňzeýär. Onsoň, onuň yzyndan ýetmek juda kyn bolýar. Käbir adamlaryň nesibesiniň ugrunda göreşmeginiň özi olarda erjellik häsiýetini kemala getirýär. Bu babatda ýeňilmek bolmaz. Erjellik ýeňilse, nesibe arany açyp gidiberer, gidiberer...

Sag bol, ömrüň gijä galan buşlugy!

Ynsan bir zada çyn ýürekden begenip duran pursady dünýä onuň gözlerine diňe owadan reňklerde görünýän eken. Şu çak meniň üçinem şeýle. Häzir hemme zat üçin hemme kişä minnetdar, ähli zatdan göwnühoş. Içimden özüme ilkinji harp öwreden başlangyç mugallymymdan başlap, kitaplaryndan özüme bir zatlar alan, dünýäde meniň ýaly adamyň bardygyndan bihabar şahyrlaryma çenli alkyş okaýaryn. Sebäbi men talyp boldum... Minnetdar men size, gijigen ýyllar,Sag bol, ömrüň gijä galan buşlugy!Durmuşyma bahar geldi sowulmaz,Yhlasymyň myrat bilen duşdugy.

Bagtyýarlyk binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamy hem özgerýär we ösýär. Ýurtda bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrýar. «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýip, milli Liderimiz belläp geçýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, amal edilýän beýik işler bilim ulgamyny has-da pugtalandyrýar. Häzirki döwürde ýurduň ähli sebitlerinde döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralaryny, umumy orta bilim berýän mekdepleri, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini gurmak boýunça işler ‹‹Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna›› laýyklykda, üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga niýetlenen ýokary okuw mekdepleriň hem-de olarda açylýan hünärleriň sany köpelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda lukmançylyk, nebit we gaz, ykdysadyýet we dolandyryş, diplomatiýa, sport, medeniýet, ynsanperwer ylymlary, inžener-tehnologiýalar, telekommunikasiýalar we informatika ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepler

Bilim ulgamynyň kanunçylyk esaslary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Diýarymyzyň ähli pudaklarynda — ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, şeýle hem ylym we bilim ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, ahlak taýdan arassa, sagdyn pikirli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Bagtyýar nesillerimiz ajaýyp çagalar baglarynda, mermerden gurlan mekdeplerde, iň häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylan ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga mümkinçilik alýarlar.

Göwün göteriji ösüşler

Adamzat barha kämillige tarap rowaçlanýan ýollaryň kelebini külterläp, asyrdan-asyra taryhy menzilleri aşyp, ýaşaýşyny dowam etdirýär. Ösüş-özgerişliklerini taryhyň gadymy gatlaryndan alyp gaýdýan ata Watanymyz häzirki wagtda syýasy, ylym-bilim babatda öňe gitmek bilen, dünýä jemgyýetçiliginde barha ösýän döwlet hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapýan beýik başlangyçlary bilen ylymly, hünärli ýaşlaryň sanynyň artmagy halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, ýurduň keşbiniň düýpli özgermegine täsir edýär. Ylym-bilim ulgamyna täze tehnologiýalaryň, okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirýär. Ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini berjaý etmekde berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ýaş nesliň mukaddes Watanymyza, halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan maksada okgunly, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin örän uly işleriň durmuşa geçirilmegi üstünlikli dowam etdirilýär.

Bilimler dünýäsi gujagyny açýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly seneler mynasybetli uludan toýlanylýan toý-dabaralar watandaşlarymyzyň Berkarar döwletimize, ajaýyp zamanamyza bolan buýsanjyny alamatlandyryp, älem içre ýaň salýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary-da kalplara şatlyk nuruny çaýýar. Bu gün täze okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlap, bilim ojaklarynda ilkinji jaň kakylýar. Şu dabaraly günde geçen okuw ýylynda welaýatymyzyň bilim ulgamynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmak ýakymly bolsa gerek. Welaýatymyzyň bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek babatda alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek, okatmagyň usulyýetinde toplanan öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri öwrenmek hem-de ýaýratmak işine goşant goşmak bilen 2020 — 2021-nji okuw ýylyny üstünlikli jemlediler.

Bilim — nurly geljegiň şamçyragy

Salam, mekdep!

Perhat SERDAROW,Daşoguz şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 1-nji synp okuwçysy: — Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ak mekdebe okamaga barýaryn. Biziň okamagymyz üçin ajaýyp synp otagymyz bar. Bu ýerde harplary okap, ýazmagy öwrenerin. Mekdepde bile okajak synpdaşlarym bilen tanyşdym. Olar hem harplary öwrenmegi halaýarlar. Men san sanamagy çagalar bagyna gatnaýarkam öwrendim. Nesip bolsa, mekdebe barsam, 4-5-lik bahalar bilen okap, ejemi, kakamy begendirerin. 1-nji sentýabrda mugallymymyza «Garaşsyzlyk» diýen goşgymy aýdyp berjek:

Şanly Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş zähmet ýoly

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly ruhubelentlik bilen toýlanylýar. Wagt örän çaltlyk bilen bizden arany açýar. Mundan laýyk otuz ýyl ozal etrabymyzyň 16-njy orta mekdebine işe gelipdim. Ýaş mugallym bolup, 1991-nji ýylyň güýzünde bu mekdebe basan ilkinji gadamym ýadyma düşýär. Ol döwür nire, häzirki döwür nire?! Elleri depder bilen ruçkaly mekdep partasynda oturan şol döwrüň okuwçysy bilen bagtyýarlyk zamanamyzda elleri Şa sowgatly 1-nji synp okuwçylary  hakynda oýa batanyňy duýman galýarsyň. Biziň diňe bilim ulgamynda ýeten şu menzilimiziň özi ägirt uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny görkezýär.