Bagtyýarlyk binýady

30 Awgust 2021
849

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamy hem özgerýär we ösýär. Ýurtda bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrýar. «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýip, milli Liderimiz belläp geçýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, amal edilýän beýik işler bilim ulgamyny has-da pugtalandyrýar. Häzirki döwürde ýurduň ähli sebitlerinde döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralaryny, umumy orta bilim berýän mekdepleri, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini gurmak boýunça işler ‹‹Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna›› laýyklykda, üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga niýetlenen ýokary okuw mekdepleriň hem-de olarda açylýan hünärleriň sany köpelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda lukmançylyk, nebit we gaz, ykdysadyýet we dolandyryş, diplomatiýa, sport, medeniýet, ynsanperwer ylymlary, inžener-tehnologiýalar, telekommunikasiýalar we informatika ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri açylyp, bilim edaralarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän düzümi döredildi hem-de okatmagyň häzirki zaman bakalawr, magistr, doktorant derejeleri ornaşdyryldy. Häzirki döwürde ýokary hünär bilim almagyň iki derejeli gurluş düzgüni boýunça alnyp barylýar. Birinji derejesi bakalawr. Bakalawr derejesi – hünär işiniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär we bilim maksatnamalary dört okuw ýylynyň möhleti bilen amala aşyrylýar.

Swetlana HOJANAZAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.