Sag bol, ömrüň gijä galan buşlugy!

30 Awgust 2021
849

Ynsan bir zada çyn ýürekden begenip duran pursady dünýä onuň gözlerine diňe owadan reňklerde görünýän eken. Şu çak meniň üçinem şeýle. Häzir hemme zat üçin hemme kişä minnetdar, ähli zatdan göwnühoş. Içimden özüme ilkinji harp öwreden başlangyç mugallymymdan başlap, kitaplaryndan özüme bir zatlar alan, dünýäde meniň ýaly adamyň bardygyndan bihabar şahyrlaryma çenli alkyş okaýaryn. Sebäbi men talyp boldum...

Minnetdar men size, gijigen ýyllar,
Sag bol, ömrüň gijä galan buşlugy!
Durmuşyma bahar geldi sowulmaz,
Yhlasymyň myrat bilen duşdugy.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.