Erjellik ýeňilmese gowy

30 Awgust 2021
807

Käte pikire batamda şeýleräk sowala jogap agtarýan: «Erjellik bilen nesibäni baglanyşdyrýan zat nämekä?». Görgüli akyl kän wagtdan bäri şu sowala jogap tapmagyň ugrunda ser-sepildi. «Ýyllar» diýip jogap berseňem, ol hem ýene wagt birligini aňladyp dur. Nämekä?!

Köne tanyşlarymyň biri: «Ykbalymy nesibäň eline berdim» diýýärdi. Aslynda, nesibäniň özi ykbalyň eçilen paý-rysgaly. Ýöne biz käte «nesip bolsalar» bilen öz-özümizi köşeşdirýäris. Ol hem dogrudyr welin, erjellik diýibem-ä bir zat bar. Şol bolmasa, nesibe diýen zat sähelçe ýele uçup gitjek tozga meňzeýär. Onsoň, onuň yzyndan ýetmek juda kyn bolýar. Käbir adamlaryň nesibesiniň ugrunda göreşmeginiň özi olarda erjellik häsiýetini kemala getirýär. Bu babatda ýeňilmek bolmaz. Erjellik ýeňilse, nesibe arany açyp gidiberer, gidiberer...

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň dramaturgiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.