Arzuwlara barýan ýol

31 Awgust 2021
827

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, talyp diýen ada mynasyp bolan ýaşlaryň ençemesi höwes edýän ugurlary boýunça ýokary bilim almak, arzyly hünäriň eýesi bolmak hyjuwlaryna beslenen ýaşlaryň ençemesi üçin durmuşyň iň bir jogapkärli, iň bir gyzykly pursatlary başlaýar. Men hem deň-duşlarym bilen ilkinji gezek talyp hökmünde ýokary okuw mekdebiniň bosagasyndan ätlänimde, ylym dünýäsiniň gapysy giňden açylypdy. Talyplygyň her bir güni täzelikler bilen hünär ugrunyň gizlin syrlaryny açyp, bilmek-öwrenmek höwesimizi artdyrýar.

Döwrebap okuw maksatnamasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamlary, ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin bäsleşige ukyply ýokary bilimli kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alýar. Ýokary hilli bilimiň üpjün edilmegi durnukly ösüşiň maksatlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak üçin özüniň tagallalaryny milli maksatnamalara üstünlikli ornaşdyrýar we durmuşa geçirýär.

Ogulgerek BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.