Kitap — gymmatly hazyna

31 Awgust 2021
788

Ýurdumyzyň bilim we ylym edaralarynyň, kitaphanalarynyň, kompýuter-maglumat merkezleriniň işiniň döwrebap guralmagy bilimiň we terbiýäniň netijeliligine oňaýly täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň

baştutanlygynda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär. Okuwlaryň bilim berijilik-terbiýeçilik wezipelerini üstünlikli çözmek üçin talyplary häzirki zaman maglumatlary bilen yzygiderli tanyşdyryp durmak wajypdyr. Şonuň bilen birlikde, gündelik metbugata, çeper edebiýata, radio we teleýaýlymlardaky gepleşiklere talyplaryň ünsüni çekmek möhümdir. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek ýokary hilli okuw kitaplarynyň, okuw maksatnamalarynyň we usulyýet gollanmalarynyň taýýarlanmagyna köp derejede bagly bolup durýar. Bilim ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de umumy bilim berýän mekdepleriň tejribeli mugallymlarynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw kitaplary, okuw gollanmalary döwrebap derejede taýýarlanylýar.

Şemşat AGANYÝAZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.