Röwşen geljegimiziň eýeleri

31 Awgust 2021
890

Şu gün ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçilýär. Şonuň bilen baglylykda ak mekdeplerde täze 2021-2022-nji okuw ýyly başlaýar, bilim ojaklary ýaş nesil üçin gapylaryny giňden açýar.

Täze okuw ýyly welaýatymyzda uly taýýarlyklar bilen garşylanýar. Bu gün 6 ýaşly çagalaryň 23 müň 200-den gowragy welaýatymyzdaky ak mekdeplere 1-nji synpa gadam basýar. Bagtdan paýly çagalaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady bolan okuw kompýuterleri gowşurylýar. Welaýatymyzyň Ak bugdaý, Gökdepe, Babadaýhan, Tejen etraplarynda umumybilim berýän täze, döwrebap orta mekdepleri açylyp, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesle ajaýyp toý sowgady bolar.

“Ahal durmuşy”.