Bilimler dünýäsi gujagyny açýar

30 Awgust 2021
720

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly seneler mynasybetli uludan toýlanylýan toý-dabaralar watandaşlarymyzyň Berkarar döwletimize, ajaýyp zamanamyza bolan buýsanjyny alamatlandyryp, älem içre ýaň salýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary-da kalplara şatlyk nuruny çaýýar. Bu gün täze okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlap, bilim ojaklarynda ilkinji jaň kakylýar. Şu dabaraly günde geçen okuw ýylynda welaýatymyzyň bilim ulgamynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmak ýakymly bolsa gerek.

Welaýatymyzyň bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek babatda alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek, okatmagyň usulyýetinde toplanan öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri öwrenmek hem-de ýaýratmak işine goşant goşmak bilen 2020 — 2021-nji okuw ýylyny üstünlikli jemlediler.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.