Göwün göteriji ösüşler

30 Awgust 2021
990

Adamzat barha kämillige tarap rowaçlanýan ýollaryň kelebini külterläp, asyrdan-asyra taryhy menzilleri aşyp, ýaşaýşyny dowam etdirýär. Ösüş-özgerişliklerini taryhyň gadymy gatlaryndan alyp gaýdýan ata Watanymyz häzirki wagtda syýasy, ylym-bilim babatda öňe gitmek bilen, dünýä jemgyýetçiliginde barha ösýän döwlet hökmünde ykrar edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapýan beýik başlangyçlary bilen ylymly, hünärli ýaşlaryň sanynyň artmagy halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, ýurduň keşbiniň düýpli özgermegine täsir edýär. Ylym-bilim ulgamyna täze tehnologiýalaryň, okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirýär. Ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini berjaý etmekde berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ýaş nesliň mukaddes Watanymyza, halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan maksada okgunly, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin örän uly işleriň durmuşa geçirilmegi üstünlikli dowam etdirilýär.

Sylap ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.