Bilim ulgamynyň kanunçylyk esaslary

30 Awgust 2021
1109

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Diýarymyzyň ähli pudaklarynda — ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, şeýle hem ylym we bilim ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, ahlak taýdan arassa, sagdyn pikirli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär.

Bagtyýar nesillerimiz ajaýyp çagalar baglarynda, mermerden gurlan mekdeplerde, iň häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylan ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga mümkinçilik alýarlar.

Muhammetnazar TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy.