Dünýä nusgalyk işler

31 Awgust 2021
848

Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz 2007-nji ýylda bilim ulgamynda özgertmeleri durmuşa geçirmäge girişdik. Häzirki döwürde bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap ýagdaýa getirmekden başlap, onuň düzümini, bilim we terbiýe bermegiň usulyýetini kämilleşdirmäge çenli uly işler edildi» diýen sözleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsandyryjy hakykatydyr. Ajaýyp zamanamyzda geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlara bilim-terbiýe bermekde, ylym öwretmekde bilim işgärleri dünýä hil derejesindäki şert-mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda ylymda, bilimde ýetilen sepgitler diňe tarypa mynasyp. Dünýä hil ülňülerinde gurlup, iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim-terbiýe ojaklary, sport desgalary ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, bilimli, beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri özünde jemleýär. Biri-birinden kaşaň, ak mermerden gurlan şeýle binalarda bilim alýan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş nesilleriň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary egsilmezdir.

Jennet ORAZOWA,
Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.