Arzuwym, myradyň gutly bolsun!

30 Awgust 2021
737

Ýaşlygymyň baş arzuwynyň myrady, hoş geldiň ömrüme! Arkaýyn geçiber ýüregimiň törüne! Men saňa ol ýeri, gör, näçe wagt bäri niýetläp ýörün ahyry! Dogrusy, birneme garaşdyryp, ýoluňa seretdiren bolsaňam, uzakdan ýylgyryp gelýäniňi görenimden, kalbymyň öýkesi ýazyldy gitdi. Ýeri, bolýar, gel indi men seni köpçülik bilen tanyşdyraýyn.

Sözümi seniň özüňden başlasammykam ýa seniň bilen duşuran ýollardan?! Gel, gowusy, ilki saňa duşuran ýollaryň kelamyna rowana bolaýyn. Meniň bu başyny başlan söhbedim kitapdyr makalalarda häli-şindi gaýtalanyp duran pikirlerden pürepür hem bolsa, olaryň üstünden ätläp geçip bilmedim. Käte hasyl bolmadyk arzuwlarymyza gynanyp, bisarpa geçirýän wagtymyzy olaryň täze synanyşyklaryna bagyş etsek kem bolmajak ekeni. «Gynanmak» sözüniň «synanmak» sözünden ýekeje harp tapawut edýänem, meger, ýöne ýere däldir. Asyl, «synanmak» sözüniň içinde «ynanmak» sözüniň bardygy hem, islendik arzuwlaryň synanyşyklary öz myradyna diňe ynam bilen gowuşýandygynyň alamaty ýaly, göwnüme.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.