"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň düýpli ösüşler bilen öňe barýan, bazar ykdysadyýetine geçilýän döwründe döwlet durmuşynyň ugurlaryny kadalaşdyrmakda, düzgünleşdirmekde halkara hukugyň ýörelgelerine laýyk gelýän kämil kanunlaryň bolmagy zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçmegi bilen, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň gurluşynyň ähli ugurlaryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlar kabul edilýär. Aýratyn bellemeli zat hem, döwletimizde kabul edilýän kanunlar halkara hukugyň talaplaryna berk laýyk gelýär we ol umumadamzat bähbitlerinden ugur alýar. Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berlip, ulgamy kämilleşdirmek milli kanunçylygymyzyň kadalarynda berkidilendir. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kadalaşdyrmakda, düzgünleşdirmekde kämil kanunlaryň bolmagy zerur bolup durýar. Bu babatda golaýda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu kanun bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär hem-de döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär. Şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk-hukuk esaslaryny kesgitleýär.

Arkadagly nesillere ak mekdepler gujak açdy

Ylymdyr bilimi ähli ösüşlerimiziň berk binýady hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň döwletli çözgüdi esasynda bereketli tylla güýzüň ilkinji aýynyň ilkinji gününde bellenilip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň täsirli çäreleri welaýatymyzda hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde guralan dabara ir säherden badalga alyp, oňa welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, bagtyýar talyplar, bilim işgärleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlagy okalyp, ol dowamly ýaňlanan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra söz nobatyny alanlar bu ýere ýygnananlary Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Çykyş edenleriň aýratyn nygtaýyşlary ýaly, bilimli, hünärli, ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgeleriniň biridir. Ýurdumyzyň geljegi bolup durýan ýaş nesil hakyndaky alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döw-ründe mazmun taýdan has-da baýlaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Her bir maşgalanyň, tutuş jemgyýetiň guw

Kalby buýsançly ýaşlar

Düýn — 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk güni hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen geçiren duşuşygy ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, Bitarap Watanymyzyň rowaçlyklary baradaky çuňňur mazmunly çykyşy ähli ýaş türkmenistanlylaryň ruhuny galkyndyrdy. Ýaş nesli ýurdumyzyň geljegi, nurana ertirimiziň binýady hasaplaýan Arkadag Prezidentimiziň belent ynamy biziň her birimiziň ýüreklerimize ganat baglap, yhlas bilen bilim alyp, hünär öwrenmäge, döredijilikli we tutanýerli zähmet çekmäge, il-güne peýdaly ynsanlar bolup ýetişmäge ruhlandyrýar. Arkadag Prezidentimiz ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli etmek, mynasyp terbiýelemek maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyny nygtaýar. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi ýaşlarymyzyň okamaga we döretmäge bolan höwesini has-da artdyrýar.

Goşa mekdep — bagtly nesle goşa serpaý

Düýn ― 1-nji sentýabrda Saýat etrabynyň Kelteýap, Guşçy we Saýatly obalarynyň asmanyny ak-ýaşyl şarlardan ybarat täsin bulut örtdi. Olar güýzüň ilkinji gününiň dury asmanynda diňe bir täsin bulut emele getirmän, eýsem, bagtyýar nesilleriň şatlygydyr alkyşyny, goşgularydyr aýdymlaryny asman belentligine çenli alyp çykdylar. Çünki düýn bu etrabyň Lebaby we Çowdur geňeşliklerine degişli bolan bu obalarda täze mekdepleriň ikisi açylyp, ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, bu obalaryň çagalary ýene bir täze okuw ýylyny täze mekdeplerde garşyladylar. Saýatdaky orta mekdepleriň sany bolsa 39-a ýetdi. Şanly ýylyň şanly wakalary

Talyp göwnüniň joşguny

Islendik ynsany gowy gylyk-häsiýetleri bilen birlikde onuň ele alan hünäri, kesp-käri bezeýär. Elleri hünärli, ukyp-başarnykly ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyz ylym-bilim ulgamyny ileri tutup ösdürmek bilen, kämil hünärmenleri taýýarlamaga çynlakaý üns berýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, gerekli hünärleri ele almaklary üçin köpsanly döwrebap okuw mekdepleri hereket edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýaşlaryň köp sanlysy ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary boldy. Biz şu ýyl talyplaryň hataryna goşulan bagtyýar ýaşlaryň käbirleri bilen gürrüňdeş bolduk. Gülşen Seýitmyradowa,Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň I ýyl talyby:— Rysgal–berekede, şanly toý-baýramlara beslenip gelen altyn güýzümiz ulus-ilimiz bilen birlikde ýaş nesliň her biriniň göwün guşuny ganatlandyryp, şatlygyna şatlyk goşýar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji sentýabrda bilim-terbiýeçilik edaralarynda ilkinji jaň sesiniň ýaňlanmagy körpelerden başlap ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň durmuşynda hem ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Maňa hem şu ýyl giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bagtyýar talyby bolmak bagty miýesser etdi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýubileý ýylynda g

Gözel diýaryň kuwwaty

Eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, gazanylýan üstünlikler ähli ildeşlerimiziň ýüregini buýsanç duýgularyna besleýär. Düýn toý-baýramlary goşa-goşadan gelýän Watanymyzda ýene bir baýramçylyk — Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigi buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-üpjünçilik binýady pugtalandyrylýar, döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Ýaşlara häzirki zamanyň ösen talaplaryna, okuw meýilnamalaryna laýyklykda bilim berilýär. Bu giň gerimli mümkinçilikler ýaş nesiller bilen bir hatarda, bilim işgärlerini hem diýseň buýsandyrýar, guwandyrýar.

Bagtyýarlyk şamçyragy

Düýn ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde 2021 — 2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslendi. Şu ýylky täze okuw ýyly mynasybetli welaýatlarymyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesiniň täze, döwrebap binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Giňden ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde, aýratyn hem, umumybilim berýän orta mekdeplerde hakyky baýramçylyk ýagdaýynyň emele gelendigini buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Dabaraly çäreler ilkinji gezek ak mekdebe gadam basýan körpelere ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyşlady. Paýtagtymyzdaky ähli bilim edaralarynda bolşy ýaly, 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde, 29-njy orta mekdebinde hem 2021 — 2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler uly joşgun bilen bellenilip geçildi.

Dünýäniň meşhur ýokary okuw mekdepleri

Döwrebap ylym ojagy Ýurdumyzda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany esasynda gurlup ulanylmaga berildi. Bu ýerde okuwlar tölegli esasda bolup, dersler diňe iňlis dilinde alnyp barylýar. Bu ýokary okuw mekdebi her ýylda 14 sany ugur boýunça ýaşlary okuwa kabul edip, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Uniwersitetde žurnalistika, filosofiýa, sosiologiýa, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty, halkara ykdysadyýeti, halkara täjirçiligi, halkara maliýe, ätiýaçlandyryş işi, halkara menejment, kompýuter tehnologiýasy, kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy ugurlary boýunça bilim berilýär. Ýokary okuw mekdebine ýurdumyzda ilkinji gezek bilim bermegiň iki basgançakly ulgamy, ýagny bakalawr hem-de magistratura girizildi. Okuwyň möhleti 5 ýyldan ybarat bolup, 1 ýyllyk dil öwreniş we 4 ýyllyk bakalawr ulgamyndan durýar.

Bilim — üstünlikleriň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere beslenýär. Her ýylyň tylla güýzünde giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni ýurdumyzda uly şatlyk-şowhuna beslenýär. 1-nji sentýabr mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar üçin täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramçylykdyr. Bu baýramda ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolan ýaşlarymyz ýa-da ilkinji gezek bilim ojagyna gadam basýan körpeleriň şatlygy has-da guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen 1-nji synpa barýan körpelere kompýuterleriň sowgat berilmegi, olary has-da höwesli okamaga ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleri netijesinde bu ulgam has-da kämilleşip, häzirki wagtda dünýäniň iň gowy tejribelerini özünde jemleýär. Munuň özi mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejesine eýe bolmagyny hem aýdyň tassyklaýar. Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi dünýä derejesine laýyklykda ösýän jemgyýetiň kemala gelmeginde hem möhüm ähmiýeti eýeleýär. Häzirki wagtda ýaş nesilleriň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin örän uly tagallalar edilýär.

Arzuwlar hasyl bolmak üçin döreýärler

Arzyly arzuwymyň maksada öwrülip, myrat tapmagy wysal bolan arzuwymyň kalbymdaky boşlugyny täze bir islegiň doldurmagyna sebäp bolýar. Hut şol pursatdan dünýä belli alymlaryň birine degişli bolan «Arzuw ediň! Arzuwlar hasyl bolýarlar» diýen jümle serime dolýar. Hakykatdanam arzuwlar hasyl bolmak üçin döreýärler. Aslynda-ha bu gadymy türkmen topragy hasyl bolmajak arzuwy perzendiniň ýüregine salmaýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyňam belleýşi ýaly, Türkmenistan arassa we ak arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Munuň şeýledigine yhlaslaryň myrat tapýan Diýarynda talyplyk bagtynyň eýesi bolan harby talyplaryň ýürek buýsanjyny diňläp, has hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Yslam ALLAMYRADOW,Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby:

Harby bilim: täze üstünliklere tarap

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy bilen täze okuw ýyly başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň göwünlere ganat baglaýan ajaýyp jümleleri, watançylyk pent-sargytlary ýaş nesli yhlas bilen okamaga, olara bilim-terbiýe berýän ähli ynsanlary bolsa mukaddes hem hormatly kärde döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr. Bu ýol bilen biz beýik geljegimizi gurýarys» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzda ylym-bilimi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlemek bilen, jemgyýetiň hem döwletiň sazlaşykly ösmeginde örän ähmiýetli orny eýeleýändigini görkezýär. Munuň özi milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminde gulluk etjek ýokary hünärli harby gullukçylaryň kemala gelmegine öz mynasyp täsirini ýetirýär.

Ak mekdebim

Säher bilen altyn gapyňy açyp, Ak mekdebim, gujagyňa dolaýyn.

Täze okuw ýylynyň şowhuny

Çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiz hakynda bimöçber aladalar edilip, hormatly Prezidentimiziň saýasynda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Watanyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ylymda-bilimde dünýä bilen aýakdaş gitmegi ugrunda hem aladalanylyp, olara innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen bilim berilýär. 1-nji sentýabryň Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde giňden bellenilmeginiň özi Garaşsyz döwletimizde bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge berilýän aýratyn ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Bu gün gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar kalplara dolup, dillere gelýär. Talyp ýaşlara okuwlarynda üstünlikler, mugallymlara bolsa hormatly we jogapkärli işlerinde belent sepgitlere ýetmek arzuw edilýär. Bu işleriň baş maksady ýokary bilimli, maksada okgunly, döwrebap pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly, sagdyn we ruhubelent nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr.

Bilim ojaklarynda ilkinji jaň kakyldy

Şeýle tolgundyryjy dabara welaýatymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda hem ýaýbaňlandyryldy. Ýaşyl baglyga, mermer binalara bürenen institutyň howlusynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra dabarada hormatly Prezidentimiziň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny okap bermek hem-de gutlamak üçin welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýewe söz berildi. Ol öz gutlagynda ähli talyplara we mugallymlara okuwlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuwlady.

Mugallym, gör, ne gözel at!

Mugallym! Bu asylly hem-de jogapkärli käriň eýelerini kökleri ene topraga mäkäm ornan, goýry saýasyny, bereketli miwesini sahylyk bilen eçilýän äpet daragta meňzedýärler. Bu tötänlik däl: mugallymyň miwesi onuň okuwçysydyr. Küýi-köçesi elmydama öwrenmekde, ylym-bilim dünýäsine içgin aralaşmakda bolan, geljege umytly, asylly maksatlaryň arzuw deňzinde ýüzýän, zähmetsöýer, watansöýüji bolup ýetişen oglan-gyzlar bilim işgäriniň hasylydyr, onuň päk zähmetiniň ýerine düşmesidir. Täze okuw ýylynyň öň ýanynda hormatly mugallym barada ýazmagy makul bilip, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebine bardyk. Geçen okuw ýylynda bu mekdebi 35 uçurym tamamlapdyr. Olaryň köpüsine saýlap alan ugrundan orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigi has-da begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen bu ajaýyp bilim ojagyna gireniňden, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýagty hem tämiz synp otaglaryny, türkmen dilinden daşary ýapon hem iňlis dillerini öwrenmäge ähli şertleriň döredilendigini görmek bolýar.

Bilimli nesli kemala getirmek esasy wezipedir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýakyn we orta geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, innowasiýalaryň ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar. Munuň özi diňe bir önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda däl, eýsem, milli ylym we bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda-da ähmiýetlidir. Ýurdumyzda döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de hereket edýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar täze tehnologiýalar we halkara ölçeglere gabat gelýän öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlar bilen üpjün etmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan ylym-bilim baradaky rowaýatlar

Irki zamanlarda biri özüniň ýeke perzendi üçin tapylgysyz baýlyk miras galdyrmak isläpdir. Ol bu barada maslahat sorap, bir dananyň ýanyna baryp, oňa: — Meniň elim uzadan ýerime ýetýär. Oglum üçin göwnüme bolmasa, süri-süri malymam, müň tanap mülk ýerimem az ýaly. Şularyň baryny altyn-göwhere öwrüp, humda goýaýynmy? Näme edeýin, dana, maňa maslahat bersene? — diýipdir. Dana şonda:

Durmuş ýolumyza nur saçýan çyrag

«Eý, mekdebim, jana-jan!» diýlip, şanyna aýdym aýdylýan, waspy millionlarça ýaş ýürekleriň köňül kelamyna, şirin owazyna, joşgunly aýdymyna öwrülen ak binanyň — bilim ojagynyň deňinden her gezek geçenimde, ädimimiň gysgalanyny, badymyň gowşanyny, nazarymyň oňa tarap gönügenini özümem duýman galýaryn. Onsoň mährem goýny müň arzuw-hyýallara, belent maksatlara beslenen mekdebi, şadyýan okuwçylary synlamakdan üýtgeşik lezzet alýaryn, söz bilen beýan edip bolmajak täsirliden-täsin duýgyny başdan geçirýärin.Hyýal guşum bolsa ömür menzilimde ýakymly ýatlamalara beslenip geçen günlere, öten ýyllara — birmahalky okuwçy döwürlerime sary ganat ýaýyp gidýär. Eziz mekdebimiz uzyn dälizleri, giň synp otaglary, demirçilik, agaççylyk ussahanalary, sport zaly, kitaphanasy, naharhanasy bilen hakydama dolýar, kino lentasy ýaly göz öňüme gelýär. Mekdep ýyllary tanyşdyran, dostlaşdyran, soňra wagtyň geçmegi bilen synagly, synagly ömür menzillerimiz doganlaşdyran synpdaşlarymyzyň, mähriban mugallymlarymyzyň nurana keşpleri göz öňümde ör boýuna galýar. Mekdep ýyllary biziň üçin, ýagny ony tamamlanlar üçin ajaýyp döwür boldy. Şol döwürli, döwranly günleri bu gün ak mekdepleriň gujagynda erkin okaýan, ýaýnaýan, bilbil deý saýraýan okuwçylar başdan geçirýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mekdep okuwçylaryny görüp, olaryň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleriň, ähli şertleriň dö

Watanymyzyň röwşen geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly syýasaty netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Uzaklary nazarlaýan bu ulgamy dünýä derejesine laýyk döwrebaplaşdyrmagyň maksatnamalary giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Bu ugruň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak, ýaşlary okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, ylym-bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar, okuw mekdepleri häzirki zaman kompýuterleri, multimedia, lingafon enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Milli bilim ulgamynyň batly gadamlary

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ähli künjegi baýramçylyk keşbine girip, ulus-ilimizi üýtgeşik ruhy ahwal gaplap alýar. Begenç we tolgunma duýgulary ýüz-gözlerinden okalýan ene-atalarynyň ellerinden tutup, ilkinji gezek ak mekdebe gadam basýan heýjanly körpejeler bilen bilelikde, mähriban ojaga öwrülen mekdeplerine, eziz mugallymlaryna, synpdaş jora-dostlaryna gowuşmaga howlukýan okuwçylar, bilim basgançaklaryndan kämillige ymtylýan talyp ýaşlar owadan okuw eşiklerinde daň säherden köçelere bezeg berýärler. Bilimlere sary uzaýan ak ýollary gulaçlamaga hyjuwly ýaşlar jemgyýetiň bezegidir, çünki olar eziz Watanymyzyň ertirki eýeleridir, milletimizi ösdürjek kuwwatly güýçdür. Ýaş nesiller jemgyýetiň işjeň bölegi bolup durýar. Ýurduň, döwletiň geljegi, jemgyýetiň täze ösüş tapgyrlary, köp babatda, ýaş nesliň uly geljek baradaky garaýyşlaryna, bolup geçýän wakalara, özgerişlere bolan gatnaşygyna bagly bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşlerine laýyk täze bir nesliň kemala gelendigini aýtmaga bu günki gün doly esaslar bar. Mähriban Watanymyzyň mynasyp nesillerini terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ösüp gelýän nesiller bilen bagly hiç bir mesele ünsden düşürilmeýär. Çagalaryň saglygy, bilimi, dynç alşy, terbiýesi, ýaşuly nesil bilen gatnaşyklary ýaly ençeme meseleleriň çözgüdi ýurdumyzda amala aşyrylýa