Mugallym, gör, ne gözel at!

1 Sentýabr 2021
1230

Mugallym! Bu asylly hem-de jogapkärli käriň eýelerini kökleri ene topraga mäkäm ornan, goýry saýasyny, bereketli miwesini sahylyk bilen eçilýän äpet daragta meňzedýärler. Bu tötänlik däl: mugallymyň miwesi onuň okuwçysydyr. Küýi-köçesi elmydama öwrenmekde, ylym-bilim dünýäsine içgin aralaşmakda bolan, geljege umytly, asylly maksatlaryň arzuw deňzinde ýüzýän, zähmetsöýer, watansöýüji bolup ýetişen oglan-gyzlar bilim işgäriniň hasylydyr, onuň päk zähmetiniň ýerine düşmesidir.

Täze okuw ýylynyň öň ýanynda hormatly mugallym barada ýazmagy makul bilip, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebine bardyk. Geçen okuw ýylynda bu mekdebi 35 uçurym tamamlapdyr. Olaryň köpüsine saýlap alan ugrundan orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigi has-da begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen bu ajaýyp bilim ojagyna gireniňden, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýagty hem tämiz synp otaglaryny, türkmen dilinden daşary ýapon hem iňlis dillerini öwrenmäge ähli şertleriň döredilendigini görmek bolýar.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».