Milli bilim ulgamynyň batly gadamlary

31 Awgust 2021
863

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ähli künjegi baýramçylyk keşbine girip, ulus-ilimizi üýtgeşik ruhy ahwal gaplap alýar. Begenç we tolgunma duýgulary ýüz-gözlerinden okalýan ene-atalarynyň ellerinden tutup, ilkinji gezek ak mekdebe gadam basýan heýjanly körpejeler bilen bilelikde, mähriban ojaga öwrülen mekdeplerine, eziz mugallymlaryna, synpdaş jora-dostlaryna gowuşmaga howlukýan okuwçylar, bilim basgançaklaryndan kämillige ymtylýan talyp ýaşlar owadan okuw eşiklerinde daň säherden köçelere bezeg berýärler. Bilimlere sary uzaýan ak ýollary gulaçlamaga hyjuwly ýaşlar jemgyýetiň bezegidir, çünki olar eziz Watanymyzyň ertirki eýeleridir, milletimizi ösdürjek kuwwatly güýçdür.

Ýaş nesiller jemgyýetiň işjeň bölegi bolup durýar. Ýurduň, döwletiň geljegi, jemgyýetiň täze ösüş tapgyrlary, köp babatda, ýaş nesliň uly geljek baradaky garaýyşlaryna, bolup geçýän wakalara, özgerişlere bolan gatnaşygyna bagly bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşlerine laýyk täze bir nesliň kemala gelendigini aýtmaga bu günki gün doly esaslar bar. Mähriban Watanymyzyň mynasyp nesillerini terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ösüp gelýän nesiller bilen bagly hiç bir mesele ünsden düşürilmeýär. Çagalaryň saglygy, bilimi, dynç alşy, terbiýesi, ýaşuly nesil bilen gatnaşyklary ýaly ençeme meseleleriň çözgüdi ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalarynda möhüm orun tutýar.

Oguljemal NURMYRADOWA,
“Ahal durmuşy”.