Watanymyzyň röwşen geljegi

31 Awgust 2021
1065

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly syýasaty netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Uzaklary nazarlaýan bu ulgamy dünýä derejesine laýyk döwrebaplaşdyrmagyň maksatnamalary giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Bu ugruň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak, ýaşlary okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, ylym-bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar, okuw mekdepleri häzirki zaman kompýuterleri, multimedia, lingafon enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Çary MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.