Dünýäniň meşhur ýokary okuw mekdepleri

1 Sentýabr 2021
806

Döwrebap ylym ojagy

Ýurdumyzda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany esasynda gurlup ulanylmaga berildi. Bu ýerde okuwlar tölegli esasda bolup, dersler diňe iňlis dilinde alnyp barylýar. Bu ýokary okuw mekdebi her ýylda 14 sany ugur boýunça ýaşlary okuwa kabul edip, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Uniwersitetde žurnalistika, filosofiýa, sosiologiýa, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty, halkara ykdysadyýeti, halkara täjirçiligi, halkara maliýe, ätiýaçlandyryş işi, halkara menejment, kompýuter tehnologiýasy, kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy ugurlary boýunça bilim berilýär. Ýokary okuw mekdebine ýurdumyzda ilkinji gezek bilim bermegiň iki basgançakly ulgamy, ýagny bakalawr hem-de magistratura girizildi. Okuwyň möhleti 5 ýyldan ybarat bolup, 1 ýyllyk dil öwreniş we 4 ýyllyk bakalawr ulgamyndan durýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Amantuwak REJEPBAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.