Bagtyýarlyk şamçyragy

1 Sentýabr 2021
907

Düýn ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde 2021 — 2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslendi.

Şu ýylky täze okuw ýyly mynasybetli welaýatlarymyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesiniň täze, döwrebap binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Giňden ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde, aýratyn hem, umumybilim berýän orta mekdeplerde hakyky baýramçylyk ýagdaýynyň emele gelendigini buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Dabaraly çäreler ilkinji gezek ak mekdebe gadam basýan körpelere ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyşlady. Paýtagtymyzdaky ähli bilim edaralarynda bolşy ýaly, 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde, 29-njy orta mekdebinde hem 2021 — 2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler uly joşgun bilen bellenilip geçildi.

Amanmyrat ARAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.