Bilim ulgamy kämilleşdirilýär

1 Sentýabr 2021
954

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň düýpli ösüşler bilen öňe barýan, bazar ykdysadyýetine geçilýän döwründe döwlet durmuşynyň ugurlaryny kadalaşdyrmakda, düzgünleşdirmekde halkara hukugyň ýörelgelerine laýyk gelýän kämil kanunlaryň bolmagy zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçmegi bilen, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň gurluşynyň ähli ugurlaryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlar kabul edilýär. Aýratyn bellemeli zat hem, döwletimizde kabul edilýän kanunlar halkara hukugyň talaplaryna berk laýyk gelýär we ol umumadamzat bähbitlerinden ugur alýar.

Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berlip, ulgamy kämilleşdirmek milli kanunçylygymyzyň kadalarynda berkidilendir. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kadalaşdyrmakda, düzgünleşdirmekde kämil kanunlaryň bolmagy zerur bolup durýar. Bu babatda golaýda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu kanun bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär hem-de döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär. Şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk-hukuk esaslaryny kesgitleýär.

Magtymguly GARAGULOW,
welaýat prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.